Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ýurdumyzda we bütin dünýäde adamlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar. Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän zerur derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary bilen bökdençsiz üpjün etmek ýola goýuldy. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere bu maksatnamanyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy aýdylanlary doly tassyklaýar. Munuň özi bu abraýly halkara guramasynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna beren ýokary bahasydyr. Şeýle hem saglyk ulgamynda amala aşyrylan özgertmeleriň netijesinde rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilatyň düşünjeliligi ýokarlandyryldy. Bu babatda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik mazmunly köp jiltlik kitaplary uly orna eýe boldy. Bu kitaplarda beýan edilen, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerini çuňňur öwrenip, alym-hünärmenlerimiz täze melhemlik we derman serişdeleriniň üstünde işleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri tarapyndan güýçli dermanlyk täsirine eýe bolan buýan köküniň düzümindäki glisirizin turşusy bilen baýlaşdyrylan azyk önümleriniň taýýarlanyşynyň işlenip düzülmegi sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.
Beýik işler, belent maksatlar bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Gözel AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyñ Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiñ müdiri.