TÜRKMEN TEBIGATYNA SARPA

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy ýola goýup, ene topragymyzdan bol hasyl alypdyrlar. Halkymyzyň arasynda dürli baglary ekip, oňa ideg edip adygan meşhur bagbanlar bolupdyr. Ata-babalarymyz miweli, saýaly agaçlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Olar haýsy agajyň, bag yrmak, hilini gowulandyrmak işi bilen ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda meşgullanyp gelipdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän bagbançylyk däplerini gaýtadan dikeltmek, türkmen tebigatynyň gözelliklerini gorap saklamak babatda uly aladalary edýär. Diýarymyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga bürenýär, ajaýyp seýilgähler döredilýär. Her ýylda ýurdumyzda ýaş agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar, goraghanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly hem uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Türkmen tebigatynda näçe diýseň guwanara, lezzet alara gözellikler bar. Dag diýjekmi, sähra diýjekmi, köl diýjekmi garaz, sanasaň sogaby bar. Gök otuň üstünde oturmagyň, arassa toprakda aýak ýalaňaç gezmegiň, akyp ýatan dury suwa eliňi, ýüzüňi ýuwmagyň nähili lezzeti bar. Bularyň ählisi aýdym-saz ýaly adamyň kalbyny galkyndyrýar, ony rahatlandyrýar.

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjekleri lälezarlyga öwrüldi. Ýurdumyzda her ýylda saýaly, miweli baglary köpçülikleýin ekmek çäreleri giňden alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ençeme gektar ýerlerde saýaly, miweli baglar ekilip, olara ýylyň ähli paslynda döwrebap ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Bu işler ata Watanymyzyň gözel tebigatyny has-da gözelleşdirmäge, goramaga özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Mukaddes topragymyzda bag nahallaryny ekmek, öňden ekilen baglaryň düýbüni depip, idegini ýetirmek, obalarymyzyň, şäherlerimiziň töwereklerini arassalamak işine tutuş ýurdumyzyň raýatlary bilen bir hatarda ýaşlarymyz hem uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar.

Ata-babalarymyz “Agaç miwesi bilen belli, adam zähmeti bilen” diýipdirler. Watanyny, ojagyny özüniň halal zähmeti bilen bezemelidigine düşünýän halkymyzyň zähmeti bu günki gün özüniň miwesini berýär. Ýurdumyz gözümiziň öňünde gün-günden ösýär, özgerýär has-da gözelleşýär.

Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi barada uly aladalary edýän Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun.

 

Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy

adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän

mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy.