Haýsydyr bir işe ýa-da hünäre gol ýapsaň, ilki bilen şoňa söýgüň bolmaly. Köpler sahna ussady bolmak üçin ylahy zehin gerek diýýän bolsalar hem yhlasly zähmetiň orny aýratyn. Zähmetiň öndürijilikli bolmagy üçin hem oňa täsir edýän ähli faktorlar-mümkinçilikler, şertler oňyn bolmaly. Teatr durmuşynda bolsa ähli faktorlar oňyn häsiýete eýe.
Teatr-bu durmuş. Sahna bolsa şol durmuşyň aýnasy. Aýnada bolsa durmuş hakykaty mese-mälim çeper janlanýar. Teatr ussatlary jadyly aýna bilen durmuşyň pursatlaryny janlandyrýarlar. Olaryň gahrymanlary durmuşyň gahrymanlary. Olar kä gamgyn, käte bagtyýar ýaşaýarlar. Olaryň duýgulary bolsa köpöwüşgünli. Aktýor bolsa öz gahrymanyny edil özi ýaly janlandyrmany başarmaly. Lybaslaryň sazlaşygy we sahna dizaýny hem maglumat bolup durýan bolsa, gahrymanlaryň özlerine mahsus bolan hereketleri sahna sýužetiniň özenini düzýär. Aktýor bolmasa sahna guraksy mesgene meňzäp galýar. Täze sahna oýnunda hem aktýorlaryň giň toparynyň asylly zähmeti ýatyr. Giň möçberli pursatlary janlandyrlanda aktýorlaryň biri-birine sazlaşykly hereket etmekleri sahnanyň has-da täsirli we gyzykly bolmagynda özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwrebap dünýä ülňülerine laýyk gelýän sahna ojaklaryny sowgat bermegi, sungat işgärleriniň göwünlerini galkyndyryp, öňde goýan maksatlaryna tutanýerli çemeleşip, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Teatr sungatyň barha kämilleşmegimde mynasyp goşant goşmak —her bir sungat işgäriniň baş maksady bolsa gerek. Biz muny häli-şindi biri-birinden gyzykly sahna oýunlaryna, degişmelere, spektakllara tomaşa edenimizde aýdyň göz ýetirýäris. Olaryň her birini synlanyňda türkmen teatr sungatynyň geljeginiň parlak boljakdygyna buýsanjyň hem ynamyň artýar. Sahna oýunlarynyň içine girip gideňde welin her bir ynanylan keşbe jogapkärli çemeleşilýändigini, tutanýerlilik bilen yhlas ýerine ýetirilýändigini görýärsiň.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, däp-dessuryny, edim-gylymlaryny geljekki nesillerimize miras galdyrmak hem-de türkmen sungatynyň abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyz şan-şöhrata besleýän milli gymmatlyklaryny il içinde başlaryna täç edýärler, gözleriniň görejine deňeýärler. Çünki sungat ussatlarymyzyň sünnäläp döreden eserleri halkymyzyň medeniýetiniň, edep-ekramlylygynyň we rysgal-berekediniň hamyrmaýasydyr. Bu teatr sungaty babatynda hem şeýledir.
Ussat halypalaryň maslahat bermegine görä, geljegini teatr bilen baglamagy ýüregine düwen deň-duşlarymyza yhlasly okap, öwrenip, hünäriňden kämilleşmelidigini ýatladýarys. Sahnada keşp janlandyranda öz gahrymanyňy doly derejede öwrenip, onsoň girişmeli. Şonuň ruhy dünýäsini belet bolmaly. Ana, onsoň täsirli keşpler döräberýär. Muny ömrüni teatra baglan ussat halypalarymyz nesihat edýärler.
Tutanýerli we netijeli zähmet çekmek üçin teatrlarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Esasy zat şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmany başarmak. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, il-ýurt ähmiýetli belent başlangyçlary rowaç bolsun!
Dürsoltan JUMAŞOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap
merkezi kitaphanasynyň Nazly Gylyjow adyndaky
geňeşliginiň kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.