ÝERTUDANA

Dürli ýokumly serişdelere baý bolan ýertudana uly-kiçiniň höwes bilen iýýän miwesidir. Süýji hem-de sähel turşy tagamy, hoşboý ysy hem-de witaminlere baýlygy ýertudananyň dürli tagamlara goşulmagyna täsir edýär. Datly tagamy bolandygy üçin bu miwe adamlar tarapyndan köp sarp edilip konditer önümlerine, süýjiliklere, kemputlara,şireli içgilere, şeýle=de mürepbelere, doňdurmalara goşulýar. Ýertudana ýylyň ähli paslynda-da elýeterlidir. Çünki soňky ýyllarda daýhandyr telekeçileriň arasynda ony ýyladyşhana usulynda ýetişdirmek has-da ýörgünli boldy. Ony hat-da öý şertlerinde ýörite gaplarda sebetlerde ekmek hem mümkindir. Ýertudana ekiljek ýerde hem ekin dolanyşygy geçirilýär. Ilkinji ýyl ekilen ýertudana toprak bilen alyşýar. Soňky ýyllar ýertudananyň idegini dogry alyp barsaň, ondan bolan bol hasyl alyp bolýar. Ýöne dördülen ýyldan soň ýertudananyň ýerini, Hatda görnüşini hem çalyşmak ýetiklidir. Bu ýagdaý mör-möjekleriň ýertudana zyýanynyň ýetmezligi üçin hem peýdalydyr. Ýertudananyň ekiljek ýeriniň haşal otlardan, daşlardan, çöplerden arassalanmagy hökmandyr. Atyzdaky haşal otlar ynjyk ýertudananyň boý alyp, bol hasyl getirmegine zyýan bolup biler. Dünýäde ýertudananyň üç ýüze golaý sorty ýetişdirilýär. Ýertudanany ekmezden ozal, ekiljek bolýan sorty, onuň aýratynlyklary, talap edýän idegi barada ähli zady öwrenmelidir. Ýertudana ýylyny hem-de güneşi halaýar. Şonuň üçin onuň ekilýän ýerine kölege düşmeli däl. Eger ýertudananyň ýerini üýtgetmeli bolsa, onda ony turpçanyň, noýbanyň,sogandyr, sarymsagyň, şibitdri badyýanyň sökülen ýerine ekmek bolar. Ekilýän ýertudana şitilleriniň aralygy 25-30 santimetre barabar bolmalydyr. Eger ýertudana hasyl bermeýän bolsa, onuň birnäçe sebäbi bardyr. Howa şertleri (aşa sowuk, ýel-ýagmyr), zyýanly mör-möjekler, haşal otuň basmagy, ösümligiň wagtynda tozanlanmazlygy, nädogry ideg hasylyň pes bolmagyna getirip biler. Dogry ideg edilip, sagdyn ösen ýertudana ilkinji üç ýylynda bol hasyl bermäge ukyplydyr.Ýertudana tohumy miwäniň içinde däl-de daşynda bolan az sanly ösümlikleriniň hem biridir we her miwede ortaça iki ýüze golaý tohum ýerleşýär. Latyn dilinde terjime edilende ýertudananyň ady ýakymly ysly diýmegi aňladýar. Häzirki döwürde ýertudana dünýäniň köp ýurtlarynda ekilýär we ol halk tarapyndan sarp edilýän önümleriň hatarynda ilkinji orunlaryň birinde durýar. Dünýäde ýertudanany iň köp ýetişdirýän ýurt ABŞ-dyr. Onuň kaliforniýa ştatynda ýylda ýertudananyň bir milliard tonna hasyly alynýar we import edilýär.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA