Golaýda Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdepde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi we etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda geçen maslahata mährem eneler, mugallymlar we ýokary synp okuwçylary gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler akyldar şahyryň döredijiliginde adam gadyryny bilmek, ynsan mertebesini hormatlamak, sahawatlylyk, halallyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriň öňe sürülýändigi barada nygtadylar. Şeýle hem maslahatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edep-terbiýä ýugrulan goşgulary okaldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüm müdiri.