Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde türkmen halkynyň medeni mirasyny, gadymy hem şöhratly taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döretdi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikler gadymy galalar, kerwensaraýlar sanardan kändir. Şeýle täsin ýadygärlikleriň biride Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasy degişli barmasy kyn bolan Saragtyň günorta tarapynda daglyk ýerlerde ýerleşen IX-XIII asyra degişli bolan Injirli galadyr. Kuwwatly orta asyr galasy bolan Injirli gala barmagy kyn bolan daglyk ýerde üç döwletiň- Türkmenistan, Eýran, Owganystan ýurtlarynyň serhediniň birigýän ýerinde, Sarahsdan 96,5 km günortada ýerleşýär.Galanyň ölçegi 420×70 m deň bolup, gündogardan günbatara tarap ýaýylyp, gaýanyň tebigy ýagdaýyndan ussatlyk bilen peýdalanylyp gurulupdyr. Galanyň ähli tarapy çukur jar, dag kertleri bilen gurşalypdyr.Galanyň daşky diwarlary tebigy dag daşlary bilen örtülipdir. Galanyň içinde 3 gektardan gowrak meýdanda tertipsiz ýerleşen ululy-kiçili jaýlar ýassy dag daşlaryndan salnypdyr. Jaýlaryň köpüsi bir otagly, köp otaglylary hem bar. Olaryň gapdalynda çaklaň howlujyklar bolup, aralaryny darajyk köçeler kesip geçýär. Gurluşyk işlerinde diňe dag daşlary peýdalanylypdyr. Jaýlaryň gapylarynyň we penjireleriniň üsti hem ýasy uzyn daşlar bilen örtülipdir. Bu galanyň ýeke-täk girelgesi bolupdyr ol girelge gaýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, onuň iki tarap diwary daşdan berkidilipdir. Galanyň demirgazyk-gündogar tarapynda suw desgalarynyň-bendiň galyndylary, berk beýik diwarlary, metjit, golaýdaky jülgäniň düýbündäki öňi bentli çeşme, gonamçylyk bu ýerde ilatyň hemişelik ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Galanyň ini 74 m, uzynlygy bolsa 420 metr, tutýan meýdany 3629 inedördül metre, gorag meýdany 3,6 ga deňdir. Galanyň gündogar böleginde dörtburçluk görnüşde metjit gurulupdyr. Onuň taraplary 11,35-11,35 metre barabar bolup, ortasynda ýerleşen dört sütüni arkaly metjidiň ähli tutýan meýdany 9 sany deň bölege bölünipdir. Onuň diwary,sütünleri,esasan, dag daşlaryndan hem-de daş tarapy bir hatar bişen kerpiçden timarlanyp, genç palçyk bilen örülipdir. Aşakda injirli adyny alan çeşme akyp ýatyr. Gala orta asyrlarda Bathyzyň ägirt uly çarwa taýpalary tarapyndan gurulan bolmaly. Gala senesi boýunça ösen orta asyra degişli bolup, ylymy-gözleg işleriniň dowamynda bu ýerden XV asyra degişli küýzegärçilik önümleri hem tapyldy. Bu bolsa has giçki döwürlerde hem galada ýaşaýşyň dowam edendigini subut edýär. Gala orta asyr ýadygärlikleri höküminde 1978-1979 njy ýyllarda T.N.Iwanow tarapyndan öwrenilip, ylyma girizildi. Bu ýerde 1993-nji ýylda arheolog T.Hojanyýazowyň ýolbaşçylygynda «Köne Sarahs» TMDG-nyň ylmy gözleg topary tarapyndan ölçeg işleri geçirildi. Ýaşlaryň geçmişimizi öwrenmek-de ýaşlaryň geçmiş taryhymyza bolan garaýyşyny artdyrmakda etrabymyzyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagymyzda etrabyň çägindäki taryhy medeni ýadygärliklere gezelençler guralýar. Onda ýaşlara taryhy ýadygärlikleriň geçmiş taryhy baradaky gyzykly gürrüňler ýaşlara ýetirilýär. Ýurdumyzda taryhymyzy, geçmişimizi täzeden dikeldip, şu günki nesilleriň öwrenmegine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarlar.
Arzygül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň sanly ulgam
Boýunça esasy hünärmeni.