Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýürekler joşa gelip göwünler galkynýar,durmuş gözelleşip ýaşaýyş gülleýär. Ykballar göterilip, toprak sahawatlanyp bol hasyl eçilýär. Asuda we parahat, Garaşsyz hem-de Bitarap döwletde agzybir ýaşaýan, döredýän, gurýan milletiň maksatlary mydama bagta rowana. Bu günki gün türkmen halky bütin dünýä akyldarlary tarapyndan “Jemşidiň jamyna”, “Elburs” dagyna deňelen Magtymguly Pyragynyň :
“Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Ylahym nur saçsyn onuň ýoluna”, diýip arzuw eden zamanasynda ýaşaýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, bazar ykdysadyýeti giňden ornaşdyrylýar. Hukuk döwleti raýat jemgyýeti gün-günden berkeýär. Netijede, halkymyzyň geçmişine, şu gününe, ertesine bolan ynamy artýar.
Golaýda, Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty – ýaşlaryň durmuş goraglylygy” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, medeniýet bölüminde zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çagyrylan myhmanlar, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamdan baş çykaryp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýändigi, şeýle hem “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny has-da ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigi dogrusynda buýsançly çykyş etdiler.
Maslahatynyň ahyrynda türkmen halkymyzyň we ýaşlaryň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Täçnabat ARRYKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Murgap etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.