Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň belentdigini aňladýar.
2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, ýurdumyzda giňden bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Çeper sungatyň belent waspy” atly bäsleşik geçirildi. Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary türkmen halkynyň buýsanjy bolan türkmen bedewiniň suratlaryny çekmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde mekdebiň okuwçylary K.Rahymowa I–orna, L.Öwlýakuliýewa II–orna, A.Saparowa, M.Azimowa, G.Tölekowa III–orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.