WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi Arkadag Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň biz Ýaşlar üçin yzygiderli edýän aladalaryndan ugur alyp etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de hukuk goraýjy edaralary bilen bir hatarda ýörite taýýarlanylan meýilnamalar esasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi medeni, ahlak taýdan arassa päk ýürekli ýaşlar edip ýetişdirmek maksady bilen Kaka etrabynyň 9-njy orta mekdebinde orta mekdebi tamamlaýan okuwçy uçurym ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Ýaşlary uly durmuşa taýýarlamakda ýaş nesli watançylyk, zähmet we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde, gözýetimlerini giňeltmekde ýetginjekleriň zähmet we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Ýaşlar ýurduň içinde şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy okuw mekdeplerinde bilim alýarlar hem-de özleriniň döredijiliklerini we ylmy mümkinçiliklerini durmuşa geçirýärler diýip nygtadylar.

 

Begli MÄMMEDOW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA