Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölümi bilen bilelikde Tejen etrabynyň 35-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Röwşen geljegiň şuglasy-Ýaşlar” diýen at bilen ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat ruhynda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iri Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine döredip berýän mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berip, şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.
Röwşen HOJAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.