Öýden gyssanmaç çykyp, Saglyk ýoluna tarap ýola düşdüm.Awtobus sähel salym wagtda dag gerşine dyrmaşyp gidýän Saglyk ýoluna alyp geldi. Ýoly külterläp ugranymdan, esli menzil aňyrdan ýaşy durguşan zenan bilen erkek kişiniň ýöräp gelýändigini saýgardym. Olar käte durup, daş-töweregiň ajaýyp keşbini synlap, lezzet alýardylar. Olaryň deňine golaýlanymda, saçlary çalaran Aman aga: “Tüweleme, oglum, oňat iş edýärsiň! Bu ýol diňe saglygyňyz berkitmän, şähdiňi açyp, ruhuňy belende göterýär. Biz bu ýere ýygy-ýydan gelýäris. Dagyň arassa howasyndan dem alyp, täsin gözelliginden lezzet alýarys. Aýaklarymda agyrynyň bardygyny duýýardym. Saglyk ýolunda ýöräp başlanym bäri aýaklarymyň gurşuwy ýazylan ýaly bolaýdy. Agyry-ynjylar hem zym-zyýat boldy. Onsoň neneň bu ajaýyp ýere gelmejek?! Dogry edýärsiň, oglum! Saglygyňy ýaşlykdan berkitmek, bedeniň üçin iňňän peýdalydyr. Saglygyň berk bolsa durmuşyň ýagty röwşeniniň ömür ýoluňa nur saçýandygyny duýýarsyň” diýdi. Bu bolsa ýaşajyk ýigidi çuň oýa batyrdy. Ol Saglyk ýolunyň saglygy berkitmekdäki ähmiýetini has anyk göz ýetirdi we özüniň bu ajaýyp ýola yzygiderli çykýandygyna örän buýsandy.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.