Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen halky «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da uly ösüş-özgerişlere eýe bolýar. «Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy syýasy we ykdysady taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilen «Arkadag şäheri» şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň giň gerimli dabaralar bilen açylyp ulanylmaga berilmegi, onuň öňüsyrasynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çap edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli taryhy waka boldy.
Hawa, bu günki gün Arkadag şäheri hemmeleriň dilinde. Sebäbi, Köpetdagyň eteginde ajaýyp we gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ynsan paýhasy we zähmeti bilen döredilen hakyky gudratdyr. Şeýlelik-de, bu şäheriň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň 336-syny synlanyňda, sözüň doly manysynda Arkadag şäheriniň giň mümkinçilikleriň şäheridigine aýdyň göz ýetirýärsiň.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy hem-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çap edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» ady bilen geçirilen duşuşyga kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.
«Tegelek stoluň» başynda geçen söhbetdeşlik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň esasy ýörelgesi bolan gurmak we döretmek, ösüşiň täze belentliklerini nazarlamak ýolunyň bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda söhbet açyldy. Çykyşlarynyň dowamynda Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary, dünýä ýaň saljak täze Arkadag şäheriniň keşbine gözellik goşýan dürli maksatly binalaryň milli äheňde atlandyrylmagy, täze şäherde işlejek hünärmenler, ýaşajak ilatyň esasan ýaşlardygy, şeýlelikde bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewiligi, ýurdumyzyň okgunly we abadan gülläp ösüşiniň öz beýanyny tapjakdygy dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini özlerine hemra edinen türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan doludygyny ýene bir ýola buýsanç bilen belläp, ösüşleriň anyk menzillerini, ýeňişlere barýan ýoluň aýdyň sepgitlerini kesgitläp berýän, kämil paýhasyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Bahar AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.