ÝUR­DU­MY­ZYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOP­LU­MY KUW­WAT­LAN­ÝAR

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde milli Liderimiziň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň, tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary bermegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidilen netijeli başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Bu ulgamda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy hem ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak üçin «Gazprom» bilen baglaşylan 5 ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna tebigy gazyň iberilýändigini bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda Ahal welaýatynda sintetiki benzini öndürýän kärhananyň ikinji nobatdakysyny, Balkan welaýatynda metildietanolamin öndürýän desgany hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan izobutan öndürýän desgany, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýleki önümleri çykarýan zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň innowasion ugruny berkitmäge, eksport ulgamynda ýokary goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Belläp geçsek, dünýädäki iri, gury ýerde ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň biridir. «Mitsubishi Corparation» ýapon kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň deslapky tehniki taslamasyny düzmek işini ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gol çekildi. Mundan ozal bu gaz käninde umumy kuwwatlylygy «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metrine barabar bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň 3-si ulanylmaga berildi. Şu ýerde Türkmenistanda nebitiň, gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň köp babatda ýataklaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň, olary işläp geçmegiň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýändigini nygtamalydyrys.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uludyr. Bilermenler şolaryň gorlarynyň nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonna, şeýle hem tebigy gazyň 6,1 trillion kub metre barabardygyny çaklaýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işleri amala aşyrylýar. Netijede, Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän guýularyň ýene-de dördüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şolary burawlamagyň nokatlary goşmaça 3D seýsmiki-gözleg barlaglarynyň netijesinde seçilip alyndy. Aýratyn bellemeli zat, Türkmenistanyň tutuş nebitgaz toplumyny sanly ulgama geçirmek ýaly şeýle innowasion çözgüdi ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we onuň möhüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tassyklan strategiýasynyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna ýardam eder.

“Nesil” gazeti,

21.07.2020ý.