DÖWLETARA GAT­NA­ŞYK­LAR ÖS­DÜ­RIL­ÝÄR

Muňa hormatly Prezidentimiziň dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE RESPUBLIKASY: hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolýar.

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz Türkiýäniň Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýandygyna hem-de bu ugurda gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň, zerur bolan halatynda degişli goldawy bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezidentler Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň doganlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, iki ýurduň we dostlukly halklaryň rowaçlygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde koronawirus pandemiýasy bilen bagly meselä hem deglip geçildi.

TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN RESPUBLIKASY: dost-doganlyk ýörelgelerine eýerip

31-nji iýulda döwlet Baştutanymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Taraplar ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändiklerini belläp, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, açyklyk esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly we sazlaşykly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklara, iki goňşy halky baglanyşdyrýan umumy ruhy hem-de medeni gymmatlyklara esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen we halkara durmuşa ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňüni alyş işleri ýaly möhüm meselä deglip geçildi. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň öz wagtynda guralandygyny we wajypdygyny aýtdy. Şonuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam eder. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz birek-birege goldaw bermegiň we bilelikdäki anyk işleriň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kepiline öwrüljekdigine ynam bildirdi.

TÜRKMENISTAN — OWGANYSTAN: doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

31-nji iýulda döwlet Baştutanymyzyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimize doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä, milli Liderimiz Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen «Lapis Lazuli» ylalaşygynyň çäklerinde döredilen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy ýaly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamyndaky giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

TÜRKMENISTAN — SAUD ARABYSTANY: däbe öwrülen hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

1-nji awgustda döwlet Baştutanymyzyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç we biynjalyklyk duýgusy bilen, indi saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy baradaky habary bolsa ägirt uly kanagatlanma duýgusy hem-de şatlyk bilen kabul edendigini belledi.

Taraplar dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Koronawirus pandemiýasy şolaryň biri bolup, halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şeýle hem iki ýurduň däbe öwrülen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, söhbetdeşler iki doganlyk halkyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

“Nesil” gazeti,

04.08.2020ý.