WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Gyz edebi maşgala tuwagy» ady bilen etrabynyň Poçda aragatnaşyk merkezinde zähmet çekýän ýaşlarmyzyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler bagtdan paýly gyz-gelinlerimize, mährem enelerimize mahsus häsiýetleri we gyz edebi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Geçirilen çärede, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin-gyzlarymyzyň türkmeniň şeýle däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygymyzy goramakda yzygiderlilikde işler alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Ene-atanyň ilkinji borjy gyzlaryna edep-terbiýe bermek, soňra bolsa hünär öwretmek bolupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä görä enesiniň terbiýesini alan gyz asylly we edepli bolup ýetişipdir. Çäräniň dowamynda gelin-gyzlara maşgala mukaddesligi, ýagşy gylyk-häsiýetler hakda öwüt-ündewler berildi. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA