MILLI AK BUGDAÝ MUZEÝINDE GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli Ak bugdaý muzeýinde gezelenç çäresi geçirildi. Gezelenç çäresinde muzeý işgärleri türkmen halkynyň buýsançly geçmişi barada, taryhy muzeý gymmatlyklary hakynda gürrüň berdiler. Muzeýiň gymmatlyklary bilen içgin tanyşmak biz üçin örän ýakymly boldy. Geçmiş taryhymyzy has-da içgin öwrenmek maksady bilen häzirki wagtda milli Ak bugdaý muzeýi ýaşlaryň, syýahatçylaryň yzygiderli gelýän ýerlerine öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar Köpetdagyň eteklerinde ekerançylygyň nähili dörändigi we ösdürilendigi barada beýan edýän ajaýyp eksponatlary uly höwes bilen synladylar we baý medeni gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Şirinjemal AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

ŞADYÝAN TOMUS — BAGTYÝAR ÇAGALYK

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AWAZA — SYÝAHATÇYLYK MERJENI