Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda diňe bir sürüjiler däl, eýsem pyýada ýolagçylar hem jogapkärli bolmalydyrlar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, mekdepde zähmet çekýän mugallymlar hem-de ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünlerini okuwçylarymyz hem oňat bilmelidiklerini, olar ýaşlykdan bu düzgünlere eýermegi, kadalary berjaý etmegi öwrenmelidiklerini, çünki, munuň özi ýaşlaryň jemgyýete peýdaly bolmaklaryna, olaryň dünýägaraýyşlarynyň ösmegine giň mümkinçilikler döredýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar etdiler. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, dünýäde parahatçylygy rowaçlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.