BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR KÖRPELERI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, olarda sporta, aýratyn-da, milli oýunlara bolan höwesi döretmek we ösdürmek maksady bilen Kaka etrabyndaky çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda gyzykly sport ýaryşlary yzygiderli guralyp durulýar. Ýakynda şeýle çäreleriň birini etrabyň 4-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Sport ýaryşyna çagalar baglaryndan körpeler gatnaşdy. Onda sportuň birnaçe görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen ýaryşda etrapdaky 4-nji çagalar bagynyň «Miweli» topary birinji orna, 9-njy çagalar bagynyň «Aýlar» topary ikinji orna, 3-nji çagalar bagynyň «Güneş» topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA