WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

     Golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň bilim bölüminde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata işçi hünärmenleriň uly topary gatnaşyp,.çykyşlarda ýurdumyzda ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda döredilýän giň şertler we mümkinçilikler dogrusynda şeýle hem, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we işjeň agzalarynyň uly ornunyň bardygyny nygtadylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrundaky tagallalaryna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA