Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň hili barha kämilleşýär, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini, usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerini yzygiderli ornaşdyrmak işi üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ulgamda degişli döwlet resminamalary kabul edilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hususanda mekdebe çenli pedagogiki işini ösdürmek ony dünýä ülňülerine laýyk derejelere ýetirmek döwrüň talabydyr. Şol esasda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw maksatnamalary «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» boýunça alnyp barylýar. Bu maksatnamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde okuwdan daşary goşmaça bilim bermek çeper-döredijilik we ösdüriji gurnaklar işini ýola goýmak hem göz öňünde tutulandyr. Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmegine esasy bilim bilen birlikde, gurnak işleri hem öz täsirini ýetirýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hereket edýän gurnaklar dürliligine garamazdan, olaryň amala aşyrýan maksatlary we iş usullary birmeňzeşdir. Çagalar bagynda gurnak işleriniň dogry guralmagy körpelere peýdaly endikleri we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam edýär Çaglar bagyndaky gurnaklar körpeleriň gyzyklanmasy we olaryň ata-eneleriniň islegleri boýunça döredilýär. Olar çagalar bagyndaky goşmaça bilim işlerine degişli bolýar. Gurnaklaryň üsti bilen çaga goşmaça bilim berilýär we gyzyklanýan ugrunda belli bir endik ösdürilýär. Munda çagalar köpçülikde özlerini medeniýetli alyp barmagy öwrenýär, olaryň döredijilige bolan ukyby artýar has takygy çagalar bakja-baglarynda şekillendiriş sungaty boýunça döredilen gurnaklar körpeleriň ýatkeşligini, ünsüni, ownuk motorikasyny, pikirlenme, göz öňüne getirme endiklerini ösdürýär. Uly toparyň körpelerine deň-duşlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak sazlaşykly şahsyýetiň kemala gelmegine esas bolup durýar. Gurnaklarda körpeler täze düşünjeleri, peýdaly endikleri öwrenýärler. Olaryň işjeňligi ösýär, wagtlaryny peýdaly geçirýärler, özlerine bolan ynamy artýar.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.