Mälim bolşy ýaly, 25-nji dekabrda wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar, şol sanda talyp ýaşlar bilen ýaşuly nesilleriň wekilleriniň duşuşyklaryny gurap, milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary, maşgala mukaddeslikleri, zähmetsöýerlik baradaky söhbetdeşlikleri geçirip durmaly» diýip belledi. Munuň özi ýaş nesle berilýän terbiýäniň medeni işiň esasy wezipeleriniň biridigini görkezip, bu ugurdaky medeni-terbiýeçilik, syýasy-jemgyýetçilik işleriniň barha öňe ilerlemegine itergi berýär.
Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy täze gymmatlyklary özleşdirip erkinlik we ynamlylyk duýgusyna we döredijilik aňyna hem-de ukybyna eýe bolmagymyza getirdi. Şeýle täsirlilige eýe bolmaklyk üçin bu taglymat, bir tarapdan, türkmeniň asyl ruhy gymmatlyklarynyň döwrebap häsiýete eýe bolmaklygyna esas döretse, ikinji tarapdan, döwrüň gymmatlyklaryny milli ölçegleri ulanyp, olara ynsanperwer häsiýet berýär. Milletiň şeýle ukyba eýe bolmaklygy, onuň ruhy galkynyşy esasynda mümkin bolýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ösüp gelýän ýaş nesle uly ynam bildirýäris! Biz hemişe ýurdumyzda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgini döretmelidiris! Biziň çagalarymyz, agtyk-çowluklarymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Özünde ajaýyp sypatlary jemleýän adamy terbiýelemek diňe bir örän möhüm maksat däl-de, eýsem eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün edýän zerur şertleriň hem biridir!» diýmek bilen, döwrebap nesli kemala getirmegiň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji ähmiýetiniň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.
Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we mynasyp medeniýetli bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen ýaşlarynyň medeniýetli nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz «Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn» diýen sözleri bolsa merdana milletiň ýaş nesli hökmünde biziň ganatly kalbymyzy göge göterýär.
Ýaşlar raýat jemgyýetiniň has işjeň bölegi, şu günki talyplar geljekki hünärmen hökmünde hereketlendiriji güýç bolansoň, ahlak taýdan arassa, tämiz duýgyly, öz-özüne erk edip bilýän, watançy hem sagdyn, jogäpkärçiligi duýýan, däp-dessurlaryna uýýan häsiýetde kemala gelmegini gazanmak zerurdyr. Olaryň dürli pudaklara innowasion taslamalary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga, düýbünden täze bilimleri we pikirleri özleşdirmäge has uýgunlaşan derejede, döredijilik güýçlerine we başlangyçlaryna eýe bolmagy üçin döwlet möhüm bolan şertleri ýola goýýar. Şu nukdaýnazardan bilim bermegiň we hünär öwretmegiň milli ýollary çuňňur terbiýe ulgamy arkaly sazlaşdyrylyp, kämil medeniýetli nesilleri kemala getirmek ugrundaky aladalaryň mazmuny barha baýlaşdyrylýar we geljege mynasyp häsiýetde kemala getirilýär.
Şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle berilýän terbiýäni düýpli baýlaşdyrmaga aýratyn ünsi çekýän tabşyryklaryndan ugur alyp medeni edaralarda, bilim-terbiýeçilik ojaklarda ýaşlar, şol sanda talyp ýaşlar bilen ýaşuly nesilleriň wekilleriniň duşuşyklarynyň guralmagy işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär. Dürli görnüşde geçirilýän bu duşuşyklara milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary, maşgala mukaddeslikleri, zähmetsöýerlik baradaky söhbetdeşliklere giň orun berilip, olar degişli görkezme serişdeleri arkaly hem ýaşlaryň aňyna ýetirilýär. Aň-bilim edaralarynda has-da işjeň häsiýete, medeni guramaçylyga we baý usulyýete laýyklykda guralýan bu işler çuňňur mazmuny bilen tapawutlanyp, ýaş nesillere oňyn täsirini ýetirýär.
Ata-babalarymyzyň milli terbiýe ulgamyna laýyklykda bilim-terbiýeçilik işiniň hil we netijeliligi babatda asylly maksatlary öňde goýup, bu ugurda belent göreldesi we ajaýyp kitaplary arkaly ömürlere nur çaýýan Arkadagymyzyň jany sag, mertebesi hemişe belent bolsun!
Resul BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň başlygy.