TÜRKMEN ÝAŞLARY HYTAÝYŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ÝAŞLARYNYŇ FORUMYNDA ÇYKYŞ ETDI

Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Ýaşlar federasiýasynyň guramagynda 15-22-nji maý aralygynda ýurduň Sinszýan, Şensi welaýatlarynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň “Geljege köpri-2024” atly forumy geçirilýär. Oňa türkmen ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar 16-njy maýda Hytaýyň ýeňil awtoulaglary öndürýän “Guansi” kompaniýasynyň ýurduň Sinszýan welaýatyndaky şahamçasyna bardylar. Olar bu ýerde öndürilýän awtoulaglaryň görnüşleri hem gurluş aýratynlyklary, zawodyň iş tertibi bilen tanyşdylar. Zawodda bir günde 40 awtoulag öndürilýär.

Soňra foruma gatnaşyjylar, HHR-iň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen baglylykda, Urumçi şäheriniň awtoulaglar üçin halkara gury ýer ýük portuna baryp gördüler.

Şeýle-de Urumçi şäheriniň ýeňil senagat boýunça halkara söwda merkezine barlyp görüldi.

Günüň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy ýaşlarynyň we Sinszýan ýaşlar federasiýasynyň agzalarynyň dialogy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolup durýan türkmen ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar.

Çäre iki tapgyrda guralyp, “ýaşyl” energetika we ýaşlar innowasiýasy, “ýaşyl” oba hojalygy we oňa ýaşlaryň gatnaşygy ýaly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Forumda türkmen wekili çykyş edip, ýurdumyzda “ýaşyl” oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler barada aýtdy hem-de özara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ähmiýetini nygtady.