TÜRKMEN ÝAŞLARY HYTAÝDA MILLI MEDENIÝET, MUZEÝLER WE KÄRHANALAR BILEN TANYŞLYK ÇÄRELERINE GATNAŞDY

Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Ýaşlar federasiýasynyň guramagynda geçirilýän “Geljege köpri-2024” forumyna gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň agzalary 17-nji maýda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde birnäçe tanyşlyk, tejribe alyşmak boýunça çärelere gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar günüň birinji ýarymynda Hytaýyň Çançji welaýatynyň Jimusar etrabyna syýahat etdiler. Olar ilki bilen bu ýerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy imperator şäheri bolan Beýting şäheriniň muzeýine aýlanyp, ondaky dürli görnüşli we ençeme gymmatlyklar, şol sanda taryhy döwürler, wakalar bilen bagly eksponatlardyr maglumatlar bilen tanyşdylar. 2022-nji ýylda açylan bu muzeýde dürli görnüşli gymmatlyklary özünde jemleýän, ýöriteleşdirilen zallaryň dördüsi bar.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen we hytaýly ýaşlaryň syýahaty soňra Jimusar etrabyndaky Halk ýoly jemgyýetçilik birleşiginde dowam etdi. Olar bu ýerde hytaý halkynyň gadymy hatdatlyk sungaty, çeperçilik-bezeg önümleriniň taýýarlanylyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar we olary özbaşdak ýerine ýetirip gördüler.

2011-nji ýylda açylan Sinszýan oba hojalygy we sergi parkyna guralan gezelenç hem foruma gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar bu ýerde “ýaşyl” oba hojalygy bilen baglylykda alnyp barylýan işlerdir gazanylan üstünlikler, täze tehnologiýalar esasynda döredilen ýyladyşhanalar bilen tanyşdylar.

Soňra dostlukly ýurtlaryň ýaşlary Sinszýanyň TBEA Co. kompaniýasynyň zawodyna baryp gördüler. Bu ýerde olar kärhanada öndürilýän, elektrik energetikasy, gurluşyk boýunça dürli önümler, olaryň aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Umuman, tutuş günüň dowamynda köpöwüşginli çäreleri özünde jemlän syýahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň ýaşlary üçin ýakymly pursatlara, özara pikir alyşmaga we tejribeleri paýlaşmaga, ýerli medeniýet, däp-dessurlar bilen ýakyndan tanyşmaga amatly mümkinçiliklere baý boldy.

Forum öz işini Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde dowam edýär.