TÜRKMEN WEKILIÝETI HYTAÝYŇ SIAN ŞÄHERINDÄKI SZÝAOTON UNIWERSITETINE BARYP GÖRDI

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Geljege köpri­2024” forumy köpöwüşginli çärelere beslenýär.

Halkara çärä gatnaşyjylar, şol sanda türkmen ýaşlary forumyň çäklerinde Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherindäki Szýaoton uniwersitetine hem baryp gördüler.

Sianyň Szýaoton uniwersiteti 1896-njy ýylda esaslandyrylyp, onuň häzirki zaman okuw binalary 2019-njy ýylda açylýar. Ýokary okuw mekdebinde 34 fakultet bolup, jemi 60 müňe golaý talyp, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem ýaşlaryň ençemesi okaýar. Bu ýerde ynsanperwerlik ylymlary, tehnologiýa, lukmançylyk, ykdysadyýet, inženerçilik, biologiýa, sungat ýaly dürli ugurlar boýunça ýaşlara jemi 76 hünär öwredilýär. Ýokary okuw mekdebinde professor-mugallymlaryň 3755-si talyplara bilim berýär. Bu ýerde umumylykda jemi 6568 adam zähmet çekýär.

Uniwersitet bilen tanyşlykdan soňra, foruma gatnaşyjylar “tegelek stol” söhbetdeşligi görnüşinde özara pikir alyşmak duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurtlaryň ýaşlary öz işleýän ugurlary bilen baglylykda gürrüňdeş boldular we tejribelerini paýlaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Geljege köpri-2024” ýaşlar forumy Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde öz işini dowam edýär.