ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI BELLENILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat hem-de Daşoguz şäher Geňeşleri, “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň wagtyny şadyýanlyga, şatlyk-şowhuna beslenmegini gazanmak maksady bilen, şeýle-de, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada Daşoguz şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň höwesjeň aýdymçylary goşgudyr aýdymlary, tanslary bilen çykyş etdiler. Çykyşlar dabaranyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Çärä gatnaşanlar ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, sazlaşykly ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Sabyrgeldi BEGOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar