(Garrylar öýüniň meýletinçisiniň ýazgylaryndan. Garry mamalaryň dilinden)
* Olar juda az perzent öndürendikleri üçin ökünýärler.
«Bilýärmiň, häzir men gyzyma bir oglan dogan ýa-da gyz uýa almandygymyza şeýle bir ökünýärin. Umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda bäş baş bolup ýaşaýardyk — atam-enem hem ýanymyzdady. Ýene bir bäbek alyp, ony nirä ýerleşdirjek diýip oýlanýardym. Ýekeje dikrarymyz hem bir çüňkjagazda sandygyň, üstünde ýatýardy, sebäbi krowatjyk, sallançak goýara-da artyk-süýşük ýerimiz ýokdy. Soňra ýanýoldaşyma işinden kwartira berildi. Has soňrak başga birini — öňkä görä giňrägini berdiler. Ýöne eýýäm ýaşymyz gidişipdi. Bäbegem alaýyn diýip, islän wagtyň çuwaldan çykaryp alaýmaly zat däl-dä...»
«Häzir oýa batýaryn: ýeri men näme üçin bäş çaganyň ejesi bolmadymkam? Ähli şert bardy ahbetin: adamym gowudy, ygtybarlydy, girdejisem ýeterlikdi, «gala ýalydy». Iş bardy, çagalar bagy, mekdep, gurnaklar... ählisini hem kemala getirerdik, aýaga galdyryp, durmuşa atarardyk. Emma welin biz iller ýaly ýaşadyk, hemme kişiň bir çagasy bardy, biziňkem, goý, ýeke bolsun».
«Bir gezek adamymyň kiçijek güjüjegi hülli-hülli edip, onuň bilen oýnaýşyny synlap, oýa batdym — onda perzentlere siňdirilmedik atalyk duýgusy joş urýardy. Onuň mähri on çaga-da ýeterdi, men bolsam oňa diňe ýeke perzent bagyşlamagy başardym...».
* Olar maşgalanyň zyýanyna işe has köp üns berendikleri üçin ökünýärler.
«Men ammarçy bolup işläpdim. Hemişe dartgynly, howsalaly haldadym — birden kemçilik tapylyp, üstümden ýazaýsalar, onda kazyýet, türme. Indi oýlanýaryn: ýeri näme üçin işledimkäm? Adamymyň aýlyk gazanjy gowudy. Şonda-da hemmeler işleýärler diýip, menem işleýärdim».
«Otuz ýyllap himiýa laboratoriýasynda işledim. Eýýäm elli ýaşymda saglygym bilen öwünerlik halym galmady — dişlerim düşdi, aşgazan başy, soňra zenan ugrundan hassalyk... Bu gün özümi nämäniň hatyrasyna beýle pida edenligime düşünemok».
* Olar juda az syýahat — gezelenç edendikleri üçin ökünýärler.
Hakydalaryndaky iň gowy ýatlamalar hökmünde gartaşan adamlaryň aglabasy syýahaty, gezelençleri, saparlary agzaýarlar.
* Olar gerekmejek zatlary juda köp satyn alandyklary üçin ökünýärler.
«Görýäňizmi, hanha, on iki adama niýetlenen, farfordan ýasalan nemes gap-gaçlary dur. Biz ony ömrümizde bir gezek hem ulanmadyk. Ýogsa-da, gel, şondan pyýala alyp, çaý içip göreli-le...».
«Wah, şu zat diýip, akylymyzy aldyrypdyrys, satyn alar ýaly zat bolsa, alypdyrys. Haýryndan zyýany hem köpdür bu zatlaryň. Ine, şu ýalpyldap duran diwarlyk mebeli näme üçin aldykkak? Çagalarymyzyň çagalygyny haraba çykarypdyk, «elleme, eliň yzy galýar», «çyzaýma». Agaçdan ýasalan şkaf bolanlygynda çagalar üstüne çykyp oýnardylar, hatda suratam çekerdiler!»
«Tutuş bir aýlygyma fin ädigini satyn alypdym. Soňra bir aýlap diňe mamamyň obadan getiren kartoşkasyny iýip, oňňut etmeli bolupdyk. Ýeri, näme üçin? Mende fin ädiginiň bolup, beýlekilerde bolmanlygy üçin, kimdir biri maňa has artyk hormat goýupdymy ýa-da biriniň maňa bolan garaýşy üýtgäpmidi?».
* Olar dost-ýarlary, perzentleri, ata-eneleri bilen örän az hemsöhbet bolandyklary üçin ökünýärler.
«Şu mahal şeýle bir ejemi göresim, onuň bilen gürleşesim gelýär! Ejem bolsa eýýäm ýigrimi ýyldyr, aramyzda ýok. Ýogalanymdan soň, gyzymyň hem meni küýsejekdigini, özümiň oňa ýetmezçilik etjekdigimi bilýärin. Ýöne muny häzir oňa nädip düşündirjek? Ol juda seýrek gelýär!».
«Oglum Saşany iki aýlykka ýaslä berdim. Soňra — çagalar bagy, mekdep, uzaldylan goşmaça sapaklar. Tomsuna pionerler lageri. Bir ýola giçlik öýe gelsem, ol ýerde düýbünden maňa nätanyş, ýat bir on bäş ýaşly adamyň ýaşaýanlygyna düşünip galdym».
* Olar juda az okanlygy, az zat öwrenenligi üçin ökünýärler.
«Men kitaplary juda az okapdyryn! Şo-ol iş, iş... görýäňizmi, uly kitaphanamyz bar. Ýöne şu kitaplaryň aglabasyny men hatda hiç haçan açyp hem görmedim. Olaryň sahabynyň astynda näme bardygyny hem bilemok».
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW