«Akylly şäher: dünýä tejribesi we nukdaýnazar» rubrikasyna
Dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolan Oslo şäheri «Akylly şäher» hökmünde iň akylly şäherleriň «Smart city index» sanawynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär.
Oslo şäheri senagatlaşmakda has ösendir. Taryha nazar aýlasak, 1990-njy ýyllardan bäri senagat öwrülişigi bu şäherde parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 25 % ýokarlanmagyna getiripdi. Şeýle-de bolsa, Osloda gaýtadan dikeldilýän energiýany, şeýle hem has gowy, ýaşyl we has amatly şäher döretmek üçin täze çözgütleri işläp düzmek we synagdan geçirmek üçin öňdebaryjy taslamalary şähergurluşygynda giň gerimde döretmäge netijeli girişildi.
Norwegiýanyň ýaşyl begresli tebigaty ajaýyp şäheri gurşap alypdyr. Şähergurluşyk maksatnamasynda ýaşyl tebigaty döretmäge aýratyn üns berlendigi görnüp dur. Oslo ýaşyl öwrülişikde öňdebaryjy güýje öwrülmegi maksat edinýär we hereketliligi, dolandyryşy we täzelenýän çeşmeleri öz içine alýan akylly howa we energiýa strategiýasy arkaly 2030-nji ýyla çenli zyňyndylary ep-esli azaltmagy göz öňüne tutýar. Şunlukda, Oslo şäheri, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 2020-nji ýyla çenli 50 % azaltmagy başardy. 1990-njy ýyllar bilen deňeşdirilende, bu örän ýokary görkezijidir. Maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli 95 % azaltmagy ugur edinýär. Strategiýa üç esasy ugurdan ybarat: akylly hereket, akylly dolandyryş we akylly energiýa.
Maksatnama awtoulag hereketini 20 % azaltmak, ýyladyş we jemgyýetçilik ulaglary üçin gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylmagyny bes etmek we ekologiýa taýdan arassa satyn alyşlar ýaly 16 başlangyjy öz içine alýar. Bularyň hemmesi, howanyň üýtgemegine, şäher meýilnamalaşdyrylyşyna we ösüşine, ýerli ulaglara, howanyň hiline, energiýanyň netijeliligine, daşky gurşaw innowasiýalaryna we durnukly işe oňyn goşant goşmak üçin döredildi. Iň täze başlangyçlaryň biri, howanyň býujetlerini şäheriň maliýe býujetine goşmak we şeýlelik bilen, kömürturşy gazyny şäheriň pul hasaplaýşy ýaly hasaplamakdyr. 2016-njy ýylda uglerod býujetiniň serişdeleri döredilip, howa maksatnamasynyň esasyny düzjek taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilikler döredilip başlandy. Taslamalarda esasan howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga, galyndylary azaltmaga, we dolandyrmaga, gaýtadan işlemäge aýratyn üns berilýär. Ulaglaryň akymyny ep-esli azaltmak arkaly ýaşyl tebigata zyýansyz jemgyýetçilik ulaglarynyň bazardaky paýyny artdyrmak Oslonyň ýaşaýjylary üçin has oňaýly gurşaw döredýär. Elektrikli ulaglaryň sanyny artdyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Her ýyl olaryň sany köpelýär. Bu bolsa, elektrik ulaglary üçin hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Elektrik ulaglary we elektrik zarýad beriş enjamlary öndürýän kärhanalary döretmek, munuň üçin bolsa işewürlik başlangyçlaryny goldamak esasy strategiýa öwrülýär.
Osloda elektron tigirler has köpdür. Köçeleriň islendik ýerinde elektron zarýad beriş hyzmatlary şäher ýaşaýjylaryna has oňat oňaýlyklary döredýär. Ýaşyl binalar bolsa, şäheriň ýaşyl tebigaty bilen sazlaşyp, ýaşyl begresli tebigaty ýatladýar.
Ýaşyl tebigaty has ösdürmek, ýaşyl meýdanlaryň mukdaryny köpeltmek howanyň hapa galyndylaryny azatlmagy esasy ugur edinen ýurt üçin möhüm strategiýadygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.
«Akylly şäherler» boýunça bilermenleriň biri şeýle belleýär: «Akylly» sözüniň manysy nämeka? «Akylly şäherler» ilkinji nobatda her bir zatda peýdalanmak üçin amatlylygy, ýaşamak üçin howsuzlygy, medeni dynç almak üçin gözelligi öz içine almalydyr. Kyn şertleriň aňsatlaşdyrylan görnüşde ýaşaýjylara oňaýly edip hödürlenilmegi «Akyllylyk» dälmi eýsem?». Şundan görnüşi ýaly, öz gezeginde Oslo şäheri hem dünýäniň beýleki şäherlerine meňzemeýär. Rahatlyk, ykjamlyk we tebigat bilen baglanyşyk – bu bir asyr mundan ozal bu ýerde bar bolan şäheriň ruhuny görkezýär. Şunlukda, Oslo şäheri Norwegiýanyň iň özüne çekiji şäheri hökmünde ykrar edilýär.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
žurnalist, TMÝG-niň işjeň agzasy.