ŞANLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

     Türkmen sportunyň soňky ýyllardaky beýik ösüşlerine, türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerine, buýsanmazlyk mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdynlyk hereketlerini öňe ilerletmekdäki asylly başlangyçlary we bu ugurda durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri türkmen türgenlerini ýeňişlerden-ýeňişlere ýetirýär. Şolaryň netijesinde ussat türgenlerimiz diňe bir milli çempionlygy bilen däl, eýsem, sebit, ýewropa we dünýä rekordlary bilen türkmen sportunyň taryhynda şöhratly yz galdyrýarlar. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň hatda iň çetki etraplarynyňdyr obalarynyň düýpgöter özgeren durmuşynda sport desgalarynyň gurluşygyna we olaryň netijeli işlerine hem aýratyn ähmiýet berlendigini hem aýtmak gerek. Şeýle hem döwletimiz häzirki döwürde yklym derejesinde halkara sport ýaryşlarynyň-da geçirilýän esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyny beýgeltmek bilen birlikde türgenlerimize tejribe toplamaga, ussatlyklaryny artdyrmaga, milli sportumyzyň ösüşini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ynha ýaňy-ýakynda bolsa şu ýylyň 26-njy iýul-11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalarynyň bu ýaryşa uly dabara bilen ugradylmagy türgenlerimiziň ruhubelentligini, yhlasyny has-da artdyrdy. Özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan ýaş türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam bildirýäris.

     Ýylyň-ýylyna ussat tälimçilerimize we türgenlerimize hormatly atlaryň dakylmagy, Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy bolsa sporta ykbalyny baglan ýaşlaryň höwesini has-da artdyrýar. Türkmen sportuny beýik galkynyşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar