Hepdäniň ýekşenbe güni Aşgabat Olimpiýa stadionynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasy bolup, Aziadanyň alawy belende galdy.
Ynsan gözleri elmydama gowulyklaryň gözleginde, näzik göwni bolsa gözellikleriň teşnesi. Kalbyňa ýakymly täsir edýän wakalara şaýat bolmak ýüzüňe ýagty nur çaýyp, göwünleri galkyndyrýar. 17-nji sentýabrda ady äleme dolan V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna syn eden tomaşaçylaryň her biri babatynda şu sözleri aýtsa bolar. Uly toýa hormatly myhman hökmünde gatnaşýan dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, belli hünärmenleriň, aýratyn-da oýunlarda bäsleşmäge gelen türgenleriň ýüzündäki mähirli ýylgyrşy görüp, oňa has aýdyň göz ýetirmek bolýar.
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň dabarasynyň iki dilde — türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylmagy ýurdumyzda dünýä dillerine goýulýan sarpadan nyşan. Alypbaryjylar hormat bilen milli Liderimize söz berýärler. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda V Aziýa oýunlaryna Türkmenistanda ähli tarapdan taýýarlyk görlendigini nygtaýar. Bu oýunlaryň ilkinji gezek Merkezi Aziýa wekilçilik edýän döwletde geçirilýändigini belläp, bu şanly wakanyň sebitde sporty ösdürmäge peýdasynyň uludygyny belläp geçýär. Soňra bolsa döwlet Senamyzyň astynda türkmen Baýdagy belende galýar.
Hormatly Prezidentimiziň uly sarpa bilen söz bermeginiň netijesinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Ahmad Al-Fahad Al-Sabah söz alýar. Hormatly myhman Türkmenistan döwletiniň we ýurt Baştutanynyň taýsyz tagallasy bilen edilen ägirt uly işleriň diňe bir Aziýada däl, eýsem tutuş dünýä ýüzünde sporty ösdürmekde ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Myhmansöýer türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. Şeýlelikde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany şekillendirilen baýdak asmana galýar. Tomaşaçylar açylyş dabarasynyň iň garaşylýan pursadyna ýetýärler.
Gahryman Arkadagymyz “Aşgabat 2017” oýunlaryna ak pata berýär. Ýakymly jaň sesi ýaňlanýar.
Açylyş dabarasynda halkymyzyň milli däplerine eýerilip, türkmen ýaşulusynyň keşbinde kyssaçynyň gürrüňleriniň diňlenilmegi ýerine düşüpdir. Tomaşaçylar we myhmanlar şol gürrüňler esasynda türkmen topragynyň ähli welaýatlarynyň taryhy eýýamlaryna syýahat edýärler. Asyrlar boýy üstünden ençeme kerwenleri geçiren Garagum çölüniň aňňat-aňňat gum depeleri, üsti ýükli kerwenleri peýda bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynyň gadymy galalary janlanýar.
Nusaý galasy baş şäheri bolan Parfiýa döwleti türkmen halkynyň şol döwürlerde hem medeniýetiniň gülläp ösendigini subut edýär. Gazuw-agtaryş işleri döwründe ol ýerden tapylan ritonlar we beýleki tapyndylar taryhyň uly açyşlarydyr. Eli ritonly milli lybasly gyzlaryň tansy ony has aýdyňlaşdyrýar.
Dabaranyň dowamynda gadymy Dehistanyň Maşat-Misserian düzlükleriniň gadymy ýadygärlikleriniň keşbi monitorda peýda bolýar. Stadionyň merkezinde çykyş edýän eli alawly ýaşlar, uly tebigy baýlyklaryň mesgeni bolan çölüň we deňziň keşbini janlandyrýan sahna görkezýärler.
Köneürgenç taryhda ylmyň we medeniýetiň iň ösen merkezleriniň biri saýylýar. Bu ýerde Ibn Sina, Al-Horezmi, Nejmeddin Kubra ýaly uly alymlar we filosoflar ýaşap geçipdirler. Bu toprakda Gündogarda ylmyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna ylmy açyşlar, oýlap tapyşlar amala aşypdyr. Ine, sahna oýunlarynyň üsti bilen taryhyň şol döwürleri janlandyrylýar. Sahna oýnunda suratlandyrylan dünýäde ilkinji globusyň döreýşi baradaky gürrüň bolsa, halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Amyderýanyň kenarlarynda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýy, Amul şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda bolandygy bilen bellidir. Bu ýerde ençeme dünýä täjirleri düşläp, söwda edip geçipdirler. Haryda bol gündogar bazarlarynda söwda gülläp ösüpdir.
Halkymyzyň milli medeniýetiniň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygynyň şaýady bolan Marguş ýurdy milli gymmatlyklara baýdyr. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryşlaryň netijesinde ençeme taryhy tapyndylar ýüze çykaryldy. Dünýä siwilizasiýasynyň 5-nji ojagy hasaplanýan gadymy Merwden tapylan möhürlerde bu ýurduň ýazuw taryhynyň saklanýan bolmagy gaty mümkin. Diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem dünýä ýurtlaryndan gelen myhmanlaryň ählisini täsin tolgunma eýe edýän bu ajaýyp sahnalar, gadymy ýadygärlikleriň kyssalary soňra bagtyýarlyk döwrüniň keşbi bilen utgaşyp gidýär.
Tomaşaçylar tutuş meýdançany gurşap alan täsin yşyklaryň täsiri, sazyň joşgunly owazy bilen täze bir eýýamyň, täze bir döwrüň hekaýatynyň ýetip gelendigini duýýarlar. Ekranda paýtagtymyzdaky “Arkadag” binasy we Olimpiýa şäherçesi peýda bolýar. Bagtyýar döwrüň ajaýyp şekilleri görünýär. Meýdançanyň ähli ýerinde jadylaýjy yşyklar ýanýar. Adamlaryň öwşün atýan lybaslara beslenen şekilleri ýokarda gaýyp başlaýar. Stadionyň ýokarsynda peýda bolan ýyldyzlar älemiň suratyny emele getirýär. Kompozisiýanyň dowamynda meýdançadaky eli çyraly ýaşlar Döwlet tugumyzdaky bäş ýyldyzyň, ýarymaýyň görnüşini döredýärler.
V Aziýa oýunlary köp görnüşliligi bilen uly ähmiýete eýedir. Sportuň 21 görnüşli oýunlaryny özünde jemleýän bu halkara sport ýaryşynyň janköýerleri örän köp. Ine, täsin yşyklaryň we ýakymly sazyň täsiri bilen şol oýunlaryň horeografiki suratlarynyň berilmegi diýseň tolgundyryjy boldy. Monitorda V Aziýa oýunlarynyň şekili bolan Wepaly peýda bolýar. Welosipedçileriň, tennisçileriň, guwwaslaryň asmanda degişli hereketleri ýerine ýetirmekleri märekä ýakymly täsir etdi.
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynyň iň ýakymly we tolgundyryjy tanyşlyk pursady başlanýar. Halkara sport oýnuna gatnaşmaga gelen her bir ýurduň wekilleriniň, türgenleriň sap-sap bolup geçmegi bilen ýöriş başlanýar. Ýörişiň her bir gatnaşyjysynyň tüýs ýürekden ýylgyryp duran keşbi tomaşaçy hökmünde diýseň begendirýär. Ýer ýüzünde dost-doganlyga, asudalyga, parahatçylyk söýüjilige bolan ynam we söýgi olaryň kalbyny eýeläpdir. Ýörişe gatnaşyjylaryň ellerini galgadyp, şadyhorramlyk bilen ýöräp barýan keşpleri ýatdan çykar ýaly däl.
Ýörişiň soňunda eziz Watanymyzyň türgenleri peýda bolýar. Il-halk uly söýgi we mähir bilen olary garşylaýar. Estrada ýyldyzlarynyň hormatly Prezidentimiziň sözlerine döredilen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen aýdymy ähli halkymyzy joşdurýar. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň Senasy bolan bu aýdyma olaryň her biri hoş owazyny goşdy. Bu owaz soňra “Hakdan halatly Arkadag” atly aýdym bilen utgaşyp gidýär.
Ozalynda ynsan ýaly syzgyr bedewini syrdaşy, toý-tomaşaň bezegi saýýan halkymyzyň göwün matlaby açylyş dabarasynda ýene-de bir gezek äşgär boldy. Meýdançanyň merkezinde türkmeniň nesilbaşysy Oguzhanyň heýkeliniň ör-boýuna galmagy onuň ogullaryna we agtyklaryna çagyryş bolup eşidildi. Şol pursat onuň 6 ogly hem 24 agtygy at dabradyp orta çykýarlar. Elinde üç-dört sany ýaý okuny saklap duran nesilbaşy ähli keramatyň agzybirlikdedigini sargyt edýär.
Dabaranyň dowamynda halkymyzyň taryhynda yz goýan Gorkut ata, Görogly beg, Togrul beg, Alp Arslan, Ärtogrul Gazy, Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetlerimiziň paýtagtymyzyň ajaýyp seýilgähinde oturdylan heýkelleri görkezildi.
Dünýäniň gözellik nusgalarynyň biri bolan ajaýyp halylarymyz il-ulsuň göz guwanjydyr. Olary dokaýan çeper elli gyz-gelinleriň irginsiz hünäri hormatlydyr. Halynyň göwünleri belentde galgadyşy ýaly, ahwalatlaryň howa akrobatlarynyň üsti bilen beýan edilmegi jüpüne düşüpdir.
Ilimizde bäş welaýat, bäş dogan saýylýar. Köki bir, agzybir halkymyz özboluşly milli we medeni gymmatlyga eýe. Dabaranyň dowamynda her bir welaýatdan gelen sungat ussatlarynyň çykyşlary hem örän täsirli boldy. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren küştdepdi tanslary bolsa göwünleri gülletdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýä bellidir. Olar öz çykyşlary bilen V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýanlary hem haýrana goýdy. Ýyldyrym ýaly süýnüp gelýän bedewleriň üstünde her hili oýunlary ýerine ýetirýän ýaşlar baýramçylygyň bezegine öwrüldi.
Olaryň at üstünde biri-biriniň eginlerine münüp görkezen oýunlary bolsa, dabaranyň arzysyny artdyrdy. Üç gaty emele getiren ýigitleriň ellerinde Döwlet baýdagymyzy hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny parlatmagy örän täsirli boldy.
Halkymyzyň bedew bilen baglanyşykly ak arzuwlary elmydama hakykatda kemal tapýar. Bu “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda hem şeýle boldy. Paýtagtymyzda gurlan ençeme owadan binalaryň yşyga beslenen gijeki keşbiniň şekilini synlan tomaşaçylaryň we myhmanlaryň ünsi birdenem nebitgaz pudagynyň ösüşi baradaky şekillere çekildi. Munuň hem özboluşly sebäbi bar. V Aziýa oýunlarynyň alawy “Galkynyş” gaz käninden alnyp gaýdyldy. 500 günüň dowamynda türkmen topragyny aýlanyp çykan atly ýigitler şol taryhy alawy oýunlaryň başlanýan ýerine getirdiler. Eli alawly, ýüwrük bedewli ýigidiň peýda bolmagy halky göwnühoşluga besleýär. Gadymy däbimize görä, eli ýüzärlikli zenanlar asylly başlangyja ak pata berýärler. Ýüzärligiň ýakymly ysy töwerege ýaýrap gidýär. Eli alawly çapyksuwar atyny çapdyryp meýdanyň merkezindäki diňe çykýar. Ak bagta meňzeş ak at çarpaýa galýar. Ýigit alawy sekizburçly ýyldyza degirýär. Süýnüp barýan iki “kometa” ýyldyzdan çykyşyna asmana galýar. Aşgabat Olimpiýa stadionynyň baş bezegi bolan, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bedewiň ägirt uly şekiliniň ýokarsyndaky çanakda V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. Şeýdip dünýä ýüzüniň ähli parahatçylyk söýüji halklarynyň nazaryny Türkmenistana tarap gönükdiren “Aşgabat 2017” oýunlary badalga alýar. Humaý guşuna meňzäp, dürli reňkde öwşün atýan feýerwerkler aklyňy haýran edýär. Goý, öňde duran ýaryşlar dost-doganlyga, ruhubelentlige beslensin! Türkmen türgenlerine at-abraý we şan-şöhrat getirsin!
“Nesil” gazeti,
19.09.2017ý.