NURANA YKBALLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegini ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygynda görýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň turuwbaşdan yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ykbal özgerdiji ynsanperwer taglymatynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky köptaraply aladalar hemişe naýbaşy orunda durýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan asyrlyk tutumlarda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň gujur-gaýratyna, agzybirlikli, döredijilikli, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky nusgalyk aladalaryna, bildirýän uly ynamyna abraý bilen hötde gelmek bolsa röwşen geljegiň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň öz öňlerinde goýýan perzentlik borçlarynyň biridir. Munuň üçin olar okatmagyň iň häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, ylym we hünär öwrenýärler. Okuwdan boş wagtlary döwrebap bedenterbiýe we sport toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler. Olaryň türkmen sportunyň şan-şöhratyny belende götermekde gazanýan üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri has-da guwandyryjydyr. «Aşgabat 2017» oýunlarynda, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisinde, şeýle-de ýakynda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri munuň buýsançly subutnamalarydyr.

Bagtyýarlyk döwründe nurana ykbally ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hem-de ulgamlarynda netijeli zähmet çekmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan oýlanyşykly, anyk mümkinçiliklere daýanýan uzak möhletleýin maksatnamalarymyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegine mynasyp goşantlaryny goşýandyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ruhy taýdan sagdyn, beden taýdan berk, ylymly-bilimli, hünärli, ata-babalarymyzyň zähmetsöýerlik däplerine, ynsanperwer ýörelgelerine uly sarpa goýýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalarynyň öz miwesini bolluk bilen eçilýändiginiň tassyknamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşini gazanmak maksady bilen dowamly gurulýan häzirki zaman zawodlardyr fabrikleriň, dürli binalardyr desgalaryň hasabyna ýaş nesilleriň hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilmegini gazanmaga hem aýratyn uly üns berýär. Diňe bir Balkan welaýatynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda gurlan döwrebap desgalaryň özem munuň buýsançly subutnamalarydyr. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, «Garabogazkarbamid» zawody, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy munuň anyk mysallarydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu iri önümçilik desgalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen ulanylyşa tabşyrylmagy netijesinde, bagtyýar ýaşlarymyz üçin müňlerçe täze iş orunlary döredi. Häzirki wagtda bu desgalarda öndürijilikli, döredijilikli zähmet çekip, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine mynasyp goşant goşýan bagtyýar raýatlarymyzyň agramly böleginiň ýaşlardygy diýseň guwandyrýar.

Ata Watanymyzyň egsilmez kuwwaty, gujur-gaýraty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolup durýan ýaş nesiller barada milli Liderimiziň edýän köptaraply aladalarynyň, berýän goldaw-hemaýatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna, şeýle-de ýaşlara niýetlenilen ýörite ýörelgelere esaslanýandygy aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylan hem-de kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şeýle aladalaryň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmegini gazanmakdaky tagallalara ýaşlaryň mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek, bagtyýar ýaşlarymyzda ruhy-ahlak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly döwletli maksatlar bu kanunçylyk namasynyň berk binýadyny kemala getirýär. Şunuň ýaly asylly maksat-tutumlary öňde goýýan bu kanunçylyk namasynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy üçin bolsa «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edildi.

Ýaş nesiller barada edilýän şeýle aladalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, şeýle-de döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda alnyp barylýan oňyn özgertmelere mynasyp goşant goşmakda ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan hem ähli tagallalar edilýär. Munuň oňyn netijeleri bolsa watansöýüji, dürli hünärlerden ussatlarça baş alyp çykýan hünärli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly, hormatly Prezidentimize, merdana halkymyza, berkarar Watanymyza wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gazanylýan üstünliklerde mynasyp beýanyny tapýar.

Ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

Ýazpolat KERIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

15.11.2018ý.

Meňzeş habarlar