MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ ITALÝAN DILI MUGALLYMLARY HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRÝARLAR

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary we daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Italiýa Respublikasynyň Peruja şäherindäki daşary ýurtlylar üçin uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlara gatnaşdylar.

13 – 28-nji iýul aralygynda Perujanyň uniwersiteti tarapyndan guralan iki hepdelik okuwy dünýäniň dürli ýurtlaryndan italýan dili mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Çäräniň dowamynda mugallymlar Perujanyň uniwersitetiniň professorlaryň we öňdebaryjy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçirilen umumy we söhbetdeşlik sapaklara gatnaşdylar. Gatnaşyjylar italýan dilini okatmagyň döwrebap usullary we aýratynlyklary, şeýle hem bu ugurda sanly maglumatlaryň ulanylyşy bilen tanyşdylar.

Pedagoglaryň bilimini giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin okuw maksatnamasyna grammatikadan, fonetikadan we leksikologiýadan mazmunly sapaklar girizildi. Italiýanyň şäherleriniň medeni we dil aýratynlyklaryna bagyşlanan sapaklarda hem hünärmenler peýdaly we gymmatly maglumatlary aldylar.

Mugallymlaryň bellemegine görä, okuw syýahaty pedagogik tejribe alyşmagyna we dünýäniň dürli künjeginden gelen italýan dili mugallymlarynyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etdi. Perujanyň uniwersitetinde alnan bilimler geljekde iş ýüzünde giňden ulanylar, bu hem italýan dilini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Türkmen mugallymlary üçin guralan syýahaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen daşary ýurtlylar üçin Perujanyň uniwersitetiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda taýýarlanyldy.

Daşary ýurtlylar üçin Perujanyň uniwersiteti (Università per Stranieri di Perugia) daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenen toplumlaýyn ýokary okuw mekdebidir. Bu ýerde bilim almak bilen bir hatarda, italýan dili boýunça kurslara gatnaşyp, şahadatnama hem alyp bolýar. Uniwersitet Italiýa Respublikasynyň iň köne we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biridir we bu ýerde diňe bir okamak we ylmy-barlag işleri bilen çäklenilmän, italýan diliniň we medeniýetiniň giňden wagyz edilmegi bilen hem meşgullanýarlar.

Türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen Perujanyň uniwersitetiniň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzdaky mugallymlar we talyplar Italiýanyň ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýan bilim çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Bu çäreler bilim derejesini ýokarlandyrmaga, hünär tejribesini we endiklerini baýlaşdyrmaga, şeýle hem medeniýetara aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilendir.

28-nji iýundan 2-nji awgusta çenli Perujanyň uniwersitetiniň çakylygy boýunça italýan dili we medeniýeti barada okuwlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem gatnaşdylar.

turkmenistan.gov.tm