Zenan maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň seresidir. Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem nusgadyr. Aslynda, türkmen zenanynyň balasyny körpejeliginden apalaýşy, ony çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk döwürlerinde terbiýeleýşi özboluşly bir mekdepdir. Gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylyk, agraslylyk, edeplilik ýaly endiklerini gülden näzik gyzlarynyň aňyna ýaşlykdan guýýarlar. Olar ulugyz çykanlaryndan soň mähek daşy ýaly menikli maşgalalar bolup ýetişýärler.
Pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty gadym zamanlardan bellidir. Merdana halkymyzda “Gyz edebi – il edebi”, “Gyzly öý – gyzylly öý”, “Gyzym – gyzylly halkam”, “Enem – käbäm, atam –kyblam”, “Ene eli em, dili melhem” ýaly ajaýyp pähimler bar.
Döwletmämmet Azadynyň ajaýyp “Wagzy-Azat” eserinde zenan maşgalanyň belent mertebesi ençeme gezek nygtalyp geçilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa
- diýen setirleri-de pederlerimiziň zenan mertebesini juda belentde tutandygyny görkezýär.
Her bir türkmen maşgalasynda ene-ata, Watana, topraga bolan hormat uludyr. Ene-ata öz perzentlerini mähir-muhabbet bilen gurşap alyp, olaryň edep-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Nesilden-nesle geçip gelýän terbiýe meselesinde zenan maşgalalara hormat goýmak üýtgewsiz berjaý edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagşylygy ýaran edinmek halkymyzyň üýtgewsiz durmuş ýörelgesidir. Türkmen halky gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy, edebi, namys tugy hasaplaýar. Gyz maşgala enesinden öwüt-ündew alyp, ony durmuş çelgisine öwürýär. Bir hakykata üns bereliň, täze nahaly haýsy tarapa ugrukdyrsaň, ol şol ugur boýunça-da ösüp ulalýandyr. Edil şol kysmy, enede gyzyna çagalykdan terbiýe sapagyny geçýär. Olara kiçilikden başlap, edep kadalaryny, öý-hojalyk işlerini, tikin-çatyn işlerini öwredip ugraýar. Bu ýagdaý gyz çagany ulugyz bolup ýetişende geljekki durmuşa taýýarlaýar.
Türkmen zenanlarynyň el işleri olaryň gözellik dünýäsiniň bir ülşüdir. Onda durmuş sapaklary, gözellige bolan söýgi, halal zähmete bolan çuňňur garaýyş jemlenendir. Gyz maşgala ýaşlykdan el işine werziş bolsa, durmuş oňa köp zatlary öwredýär.
Türkmen halky gadymy halk bolşy ýaly, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi hem örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändir. Şeýle bolansoň, gelin-gyzlarymyzyň hünärli ellerinden çykan keşdeler, kürtedir çyrpylary, türkmen halylary hakynda türkmeniň geçmiş taryhyna bagyşlanan kitaplarda ýazylypdyr. Şeýle-de gelin-gyzlarymyzyň edebi, ekramy, mylaýymlygy, hüý-häsiýeti bilen taryhda yz goýmagy başarypdyrlar. Ene-mamalarymyz ir döwürlerde-de gyzlarydyr gelinlerine edepli bolmak hakynda, olaryň geýýän köýnekleriniň ýeňleriniň bileklerini ýapyp durmaklygyny, owadan nagyş bilen nagyşlanan köýneginiň ýakasynyň iňňebagjykdyr kümüşden ýasalan gülýakalar bilen bokurdakdan berkidilmegini, geýýän köýnekleriniň topugyny ýapmagyny ündäpdirler. Şeýle-de gelin-gyzlarymyzyň edepli-ekramly bolmagy üçin olaryň eýýäm çagalygyndan saç timarlamak, saçy örmek hakyndaky däp-dessurlary hem ene-mamalarymyz gyzjagazlara çagalykdan öwredipdirler. Şeýle bolansoň, garry enelerimiz ýaňy gulpakdan saýlananja gyzlaryna hem agtyklaryna, olara saçy daramak hem örmek edebini öwredende, olaryň öýde erkek adamyň ýok wagty saç daramak däbini amala aşyrmaklygyny maslahat beripdirler. Olar saç daralanda öýüň içine saç tarlarynyň pytrap gitmezligi üçin ullakan ýaglygy ýazyp, onuň üstünde körpeje gyzlary oturdar ekenler. Şonda ene-mamalarymyz gyzjagazlaryň saçlaryny agaçdan ýasalan darak bilen darapdyrlar. Saçynyň tiz ösmegi hem-de saç düýbüniň oňat ýumşamagy üçin agaç darak bilen darapdyrlar hem-de saç daralyp bolnansoň, saçyň ýaglygyň üstüne gaçan tarlaryny ellerini suw bilen çyglap, ýygnapdyrlar. Çünki saç tarlarynyň ýaşalýan otagyň içinde seçelenip ýatmagyny halamandyrlar. Şeýle bolansoň, ene-mamalarymyz ýagşy dilegler edip, gyzjagazyň özüne üçburçluk edip daşyna alaja ýüp aýlanan saç bukjasyny tikip beripdirler. Gyzjagazlar saç daralanda düşen saç tarlaryny şol bukja salyp ýygnapdyrlar. Ony bolsa her gurbanlykda adam aýagy düşmedik ýerde ýagşy niýet bilen gömüpdirler. Türkmençilikde saç bilen bagly yrymlaryň ýene biri şol daralan saçyň tary daşarda guş çüňküne düşmeli däl, düşäýse-de ol şol saçyň ösmegine zyýan ýetiripdir.
Ene-mamalarymyz gyzlara öwüt-nesihat berende, ýigidiň uýasyna sargytlary hökmünde:
Sen öz erkek doganlaryň ynamyna-ynam, mährine-mähir bilen jogap bermelisiň;
Agalaryň abraýyna şärikligiň halys ýürekden bolmalydyr;
Agalaryň özüniňem, sözüniňem sarpasyny belent tutmalysyň;
Eden işiň, aýdan sözüň bilen özüňe guwandyryp gezgin;
Sen sebäpli erkek doganyň ýüzüni sallamaly bolmasyn;
Hawa, jigim jan! Men saňa düşünýän. Seniňem gezesiň, ýagşy zatlary görmäge ile çykasyň gelýändir. Bu tebigy zat. Şeýle-de bolsa, öz pederlerimizden miras galan ýagşy ýörelgelere, edep kadalara eýerýänden bol, ýalňyşmarsyň. Esasan hem, toý-tomaşa, märekäniň üýşen ýerlerine baranyňda gyz edebiňi sakla, ýöreýşiňi üýtgetme, iliň gözi ýitidir. Ädimiňden tanar. Sözläňde sözüň, güleňde gülkiň çasly çykmasyn. Egniňe geýjek lybasyňy seljer. Çendenaşa bezenip, gyzyla çümüp ýa-da endamyňa syrlaşyp duran soýka geýip göze ilginç bolmak seniň nämäňe derkar. Üstüňe ganatyny gerip duran gyzyl ýüzli erkek doganlaryň ary-namysy, iliň öňüne düşüp ýören ataň ak sakgaly, jägildäp dünýä inen badyňa agzyňa tutdurylan ene süýdi hakydaňdan gitmesin.
Pähimdar ata-babalarymyz terbiýeli çagany miweli baga meňzedipdirler. Terbiýeli perzent göýä miweli daragt ýaly, ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Onuň nesil ulgamy ösüp-örňäp, şaha ýaýyp, dowamat-dowam bolýar.
Her bir maşgalada kemally çagalaryň ösüp ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nadira RAHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.