TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI – TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARY

     Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmenbaşy etrabynda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

     Ýaňy-ýakynda Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebinde etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi – täze eýýamyň belent maksatlary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Bilim bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň we orta mekdebiň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler barada buýsançly çykyşlar edildi. Çykyşlarda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem öňümizde uly wezipeleriň durandygy nygtamak bilen, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 28 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

18 Noýabr 2024 | 26 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER