Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň aýdymçysy, 2017-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi, Muhammet Bäşiýew gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda aýdymçy tarapyndan watanmyzy, mähriban enelerimizi şeýle hem birnäçe daşary döwletleriň aýdymlary ýerine ýetirildi.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar tarapyndan medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Merdan ÝURDAMANOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.