Çagalar jemgyýetimiziň iň eziz agzalary, durmuşymyzyň bezegi. Ýurdumyzda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegini üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň esasynda-da, biziň ýurdumyz bütin dünýäde arzuwlaryň hasyl bolýan hem-de bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy şäherindäki kömekçi mekdep internadynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda gyzykly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çagalar sportuň birnäçe görnüşi, şeýle-de, aýdym-saz sungaty boýunça topar bolup bäsleşdiler. Örän täsirli we çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça “Bagtyýarlyk” topary 1-nji orna, “Asuda” topary 2-nji orna,”Hazar” topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolup aýratyn tapawutlanan okuwçylara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda çykyş edenler ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy
şäher Geňeşiniň başlygy.