ADAM BIR ÝAŞAR, EDEBI — IKI

Şöhratly geçmişimizde pederlerimiziň ýörelgesinden gözbaş alyp gaýdýan edim-gylymlarymyzy, agzybirlik, watansöýüjilik, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleri ösüp gelýän ýaş nesillerimizde kemala getirmek häzirki döwrüň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy öwrenmek, edep-terbiýe hakynda nakyllary we pähimleri ýaşlara düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda şäheriň 3-nji orta mekdebinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler milli terbiýäniň ýörelgeleri esasynda ýaşlara öwüt-ündewler edip, olaryň edepli, tertipli, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmekleri, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrunda alnyp barylýan nusgalyk işler barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar