SAGLYK — BEGLIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport hereketi uly gerime eýe bolýar. Ýaşlary watansöýüjilik, belent ynsanperwerlik ruhunda we milli ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek ajaýyp zamanamyzda öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistan döwletimizde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Şanly sene mynasybetli köp sanly bedenterbiýe we sport çäreleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bagtyýar raýatlarydyr talyp ýaşlary hem Bütindünýä saglyk gününi uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen garşylady.

Ir säher bilen badalga alan baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, deňiz kenarynda maşklar şeýle-de medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleriniň we sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilip durulmagy, ýurdumyzda sportuň ösmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmaga uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýurdumyzda ilaty köpçülikleýin sporta çekmäge uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Umyt BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar