Ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz özüniň çuňňur pähim-parasadyna ýugrulan ajaýyp eserleri, döredijiligi arkaly jemgyýetimiziň ruhuny hem dünýägaraýşyny, aň-bilimini yzygiderli baýlaşdyryp, halkymyzyň buýsanjyny goşalandyryp, ruhy teşnelige bolan duýgusyny kanagatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ynsan duýgusyny içgin yzarlaýandygy, durmuşyň dürli taraplaryny giňişleýin beýan edýändigi, tebigy hadysalara hem-de ylmyň gazananlaryna düýpli düşündiriş berýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şol eserleriň ýönekeý, halky dilde ýazylmagy bolsa, her bir raýatyň olara aýdyň düşünmegine, özüniň durmuş meselelerini çözmekde peýdalanyp bilmegine ýardam edýär.
Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň halkymyza gowuşmagy hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda ajaýyp waka boldy. Sebäbi ene mukaddesligi her bir ynsan üçin jedelsiz bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri şol mukaddeslige doly göz ýetirmäge, onuň gadyr-gymmatyny bilmäge tarap alyp barýan ýoly görkezýär, şol ýola ýagty saçýar.
Eseriň her bir bölüminde enä, käbä bolan belent buýsanç, sarpa, gadyr-gymmat ör-boýuna galýar. Ene mukaddesligi beýik söz sungatynyň üsti bilen çäksiz ylham, joşgun bilen beýan edilýär. Eserde ene başlangyç, ähli zadyň sakasy hökmünde suratlandyrylýar. Dogrudan hem, her bir ene öz perzendini dünýä getirmek bilen, ilki oňa ene dilini, soňra terbiýe bermek bilen, täze bir dünýäniň başlangyjyny goýýar, täze şahsyýet öz enesinden alan asylly ahlagy, belent terbiýesi, ýagşy göreldesi esasynda tutuş bir ýurdy, bütin dünýäni özgertmäge, has hem gözelleşdirmäge ukyply bolýar. Munuň şeýledigine, dünýäniň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň, sungat adamlarynyň, döwlet işgärleriniň, hususan hem, hut milli Liderimiziň mysalynda aýdyň göz ýetirip bilýäris.
Eseriň «Sözden başlanýan ägirtlik» diýen bölüminiň başynda berilýän rowaýatda ene perişde hökmünde suratlandyrylýar. Rowaýatda enäniň ajaýyp häsiýetleri, perzendi üçin ähli zada taýyndygy, hatda özüni gurban etmäge hem häzir boljakdygy Perwerdigäriň sözleri bilen beýan edilýär. Bu bolsa şol häsiýetleriň enäniň asyl ýaradylyşynda goýlan häsiýetlerdigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp rowaýata ýüzlenmek bilen eneleriň ýaradylyşy boýunça kämildiklerini, öz perzentlerine bolan uçursyz söýgä, tükeniksiz mähir-muhabbete, soňsuz jepakeşlige eýediklerini açyp görkezmek isleýär. Eserde hormatly Prezidentimiz: «Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýmek bilen, ene mukaddesligine, ene söýgüsine dünýädäki iň beýik, iň ygtybarly, iň ynamdar zat hökmünde baha berýär, enä bolan uçursyz sarpasyny äşgär edýär.
Milli Liderimiz bu eseriniň «Öý-ojagyň gelşigi» bölüminde ýurt Baştutany bolmak bilen, öz öňünde goýan il-ýurt bähbitli belent wezipelere hötde gelmäge öz käbesiniň söýgüsiniň, ýyly mähriniň hemişe goltgy berýändigini, ýardamçy bolýandygyny beýan edýär. Halkyň, döwletiň aladasy bilen ýaşaýan milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli her bir işiniň aňyrsynda alan asylly terbiýesi, ene-atasynyň öz perzentlerini il-güne haýyrly ynsan edip ýetişdirmekdäki örän uly aladasy ýatyr. Ynsanyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ene-atanyň hyzmatynyň, olaryň çäksiz zähmetiniň iň esasy zat bolup durýandygyny, ene-atanyň asylly terbiýesiniň perzendiň ruhy ahwalyna hemişe oňyn täsirini ýetirip durýandygyny, bu gatnaşyklarda ynsan duýgusynyň hem aýratyn uly hyzmatynyň bardygyny görkezýär.
Kitabyň «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» diýen bölümlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň asylly häsiýetleri, çeper elleri hakynda aýratyn buýsanç bilen beýan edilýär. Olaryň durmuşdaky, jemgyýetdäki orunlaryna uly baha berilýär. Bu bölümlerde zenan maşgalanyň geljekki eneler, perzent ýetişdirmeli, terbiýelemeli adamlar bolansoň, olaryň asylly gelip çykyşynyň, dogry terbiýesiniň, dury akyl-paýhasynyň, giň gözýetiminiň bolmagynyň möhüm zatdygy nygtalýar. Hormatly Prezidentimiziň eserindäki: «Meniň üçin ähli eneleriň hem doga zehinlidigi, düşbüligi, pähimlidigi, ukyplydygy baradaky düşünje adaty zat. Tebigatyň eneleri owalynda ýaradyşy hem şeýle. «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplarymy ýazanymda-da, bu hakykata ýüzlenipdim. Türkmen zenanlary il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý eden mähribanlar. Olaryň zehini hem paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady» diýen sözleri türkmen zenanlarynyň akyl-paýhasyna we olaryň ajaýyp sungatlaryna goýlan belent sarpany aňlatmak bilen bir hatarda, türkmen zenanlarynyň akyl-paýhasynyň her bir maşgalanyň berkliginiň, mizemezliginiň kepili bolup durýandygyny aňladýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ata Watan, ene toprak diýen mukaddes düşünjeleriň many-mazmuny diýseň çuňňur açylyp görkezilýär. Şol düşünjeleriň ýaş nesilleriň aňyna watançylyk ruhy bolup siňmegi, ýaş nesillerimizi şol mukaddes düşünjeleriň esasynda arassa ahlakly, watançy, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmek ugrundaky uly aladalary örän aýdyň duýulýar. Eseriň «Ene — döwletlilik» diýen bölüminde milli Liderimiz ene topragyň, ata Watanyň mukaddesligini ap-aýdyň düşündirmek bilen: «Ene toprak, ata Watan — bular — mukaddeslik. Il-halkymyzyň ynamynda enäniň yhlasy bilen mährine eýlenip bişirilýän türkmen çöregi, saçak, tamdyr, duz-tagam mukaddeslik hasap edilýär. Enä hormat goýşumyz ýaly, bu mukaddesliklere hem hormat goýýarys. Döwletlilik düşünjesi şu mukaddesliklere nähili gadyr goýýandygymyzda hem pugtalanýar. Watan — «ata», toprak bolsa «ene». Çünki «Watan» diýmek mukaddes toprak diýmekdir» diýip aýdýar.
Edeni nusgalyk, aýdany güwälik bolan ýurt Baştutanymyzyň halkymyzyň medeni durmuşyny baýlaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini has-da ösdürmek ugrundaky şahsy goşandynyň bimöçberdigi, özüniň döredijilik işewürliginiň ajaýyp miwesi bolan Şaserpaýlaryny halkymyza yzygiderli peşgeş edip durmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň arşa göterilen ykbalynyň aýdyň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň il-günümize peşgeş edýän şunuň ýaly ajaýyp eserleriniň mundan beýläk hem höwri köp bolsun!
Täşli KERIMOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň kömekçisi.
“Nesil” gazeti,
10.07.2018ý.