Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän “Saglygym — baýlygym”, “Sag başym — soltan başym” ýaly çuňňur mana eýlenen nakyllarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy orunda durýandygyny aýdyň görýäris.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynyň sport mekdebinde 2011-nji ýylda doglan oglanlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijesinde 2-nji orta mekdebiň topary birinji, 15-nji orta mekdebiň topary ikinji we ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, ylym, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bägül BOÝALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap
Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.