TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda welaýatyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň meýdançasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat bolan sergi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçip gelýän milli halyçylyk sungatynyň asylly däpleri öz beýanyny tapdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadymda gelýän medeni mirasymyzy gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar