Her ýylda ýurdumyzda ýaşlaryň on müňlerçesi orta mekdebi tamamlaýarlar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaşlaryň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka bolan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri uly şatlyk-şowhuna, joşguna beslenýär. Şeýle dabaralar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde şeýle-de kömekçi mekdep internatynda hem giň gerime eýe boldy.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy takyk ugurly ýöriteleşdirilen orta mekdebinde-de «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlikde geçirildi. Geçirilen baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdylyp, edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi, birinji synp okuwçylarynyň uçurymlara «Sowgat» atly tansy, uçurym ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr küştdepdi tanslary dabaranyň joşgunyny has hem artdyrdy.
Dabaranyň dowamynda medeni-köpçülik, sport, döredijilik çärelerine işjeň gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar mekdebi tamamlaýan uçurymlara ak ýol arzuw edip, ýaşlarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.