MEDENIÝETIM GÜLLÄP, SUNGAT GÜL AÇÝAR, PYRAGYŇ SÖZLERI DÜNÝÄ NUR SAÇÝAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Gubadag şäher medeniýet merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetim gülläp, sungat gül açýar, Pyragynyň sözleri Dünýä nur saçýar» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýändigini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde sungatyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän çäreler, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça maslahatlar hem duşuşyklar geçirilýändigini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasaty netijesinde, halkymyzyň şöhratly taryhyny, edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge aýratyn üns berilýändigini, gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy Türkmen halkynyň Milli buýsanjy bolup durýandygyny, wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryň beýan edilmegi Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminiň çygrynyň giňdigini açyp görkezýändigini, bu dürdäne setirler häzirki wagtda halkymyzyň öz däp-dessurlarynda öz beýanyny tapmak bilen, ýol-ýörelgelerimize öwrülen mizemez gymmatlykdygyny, beýik şahsyýetiň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň ylham çeşmesine öwrülendigi, barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmekde döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýärin.

Parahat SABYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň Gubadag şäher

bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar