Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň tikin fabriginiň çäklerinde fabrigiň önümçilik tehniki işgärleriniň, ussalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň ýurdy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda parahatçylyk, ynanyşmak halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlyklardygy, häzirki ajaýyp zamanamyzda bolsa onuň has çuň many-mazmuna eýe bolup, dost-doganlyga sarpa goýup gelýän halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirýändigi dogrusynda gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagy, şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Bilbil ANNAGURBANOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň
uly buhgalteri.