Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hem ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraýy barha belende galýar. Ata Watanymyz halkara derejeli forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna giň gerimli taýýarlyk görülýär.
Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda şu ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň geçiriljekdigi we bu halkara çärä görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýeti boýunça maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, medeni-ynsanperwer we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilip, täze derejelere çykarylýandygy barada belläp, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, maslahatlar, forumlar barada giňişleýin pikirlerini beýan etdiler.
Şeýle hem çykyşlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyryp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.