WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda okuwçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

2013-nji ýyldan bäri her sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen yglan edilen biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti we ýaşlaryň arasynda ýol hereketi bilen bagly ýüze çykýan kanun bozulmalar sebäpli bolup geçýän ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaklyk barada, okuwçylara bellenilen ýerlerden, ýerasty, ýerüsti geçelgelerden geçmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda, abadan, durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mähriban AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 67 okalan

DÜZGÜNLERI BILMEK BIZIŇ BORJUMYZ!

26 Sentýabr 2025 | 51 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI