“Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem Türkmen halysynyň we Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dokmaçy gyz – gelinleriniň arasynda geçiriljek “Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli” atly baýramçylyk bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň adalata ýugrulan sahawatly syýasaty Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraý mertebesiniň barha we barha ýokarlanmagyna, halkymyz bilen durmuşyň ähli ugurlary we ulgamlary boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga meýil bildirýän dostlukly ýurtlaryň sanynyň has-da artmagyna getirdi. Garaşsyz, Bitarap  döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni taýdan görlüp eşidilmedik derejede gülläp ösmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň durmuşymyzda doly rowaçlyga eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir” diýen ynama we ygtykada ýugrulan dürdäne sözlerini ýagty ýolda baýdak edinýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýärler.

Ýurdumyzyň ýokary derejeli senagat döwletidigini dünýäniň çar künjünde subut edýän “Türkmenistanda öndürilen” diýen ýazgy bilen çykýan ýokary hilli dokma önümlerimiz, Watanymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Bu gün iň ýokary derejeli  tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, türkmen dokmasynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmaga goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlary, gelin-gyzlarymyz hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp ruhda döredijilikli zähmet çekýärler. Ýaş dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň armasyny ýetirmekligi nazarda tutup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dokmaçy gyz-gelinleriniň arasynda “Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli” atly baýramçylyk bäsleşigini yglan edýär.

Bu bäsleşigiň maksady bolsa, ýurdumyzyň rowaçlygyna saldamly goşant goşýan dokmaçy ýaşlaryň ata - Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk, mylaýymlyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik ukybyny, keşp gözelligini açyp görkezmeklikden ybaratdyr.

I. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

1. Bäsleşik jemi 3 tapgyrdan ybarat bolup, onuň 1-nji tapgyry şu Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, 2019-njy ýylyň mart aýynyň 5-ne çenli aralykda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda, 2-nji tapgyry 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 10-15-i aralygynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda geçiriler. Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolan dokmaçy gyz-gelinleriň 2-si, 2019-njy ýylyň maý aýynyň 10-16-sy aralygynda Paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji baýramçylyk bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

2. Bäsleşige 17-30 ýaş aralygyndaky gyz-gelinler gatnaşyp bilerler (gyzlaryň boýlary 1 metr 60 santimetrden pes bolmaly däldir).

3. Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilip, olar bäsleşigiň her bir şerti üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýarlar. Goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijileri saýlanar, şeýle hem Baş baýraga we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan gözeller yglan ediler. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr. Bu bäsleşige ozal hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan gyzlara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.

II. Bäsleşigiň şertleri:

1. Bäsleşige gatnaşýan gyz-gelinler türkmen milli lybaslarynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýinmek sungatynda häzirki zaman öwüşginlerini, zamanabaplylygyny ussatlyk bilen berjaý etmeli hem-de öz saýlap alan käriniň wajyplygyny, öňünde goýan maksatlaryny, gyz-gelinleriň milli häsiýetlerini wasp edip, özlerini goşgularyň üsti bilen tanyşdyrmaly (saz astynda) (2,5-3 minut wagt berilýär).

2. Bäsleşige gatnaşýan gyz-gelinler bu şertde hormatly Prezidentimiziň öz iline peşgeş eden ajaýyp kitaplaryndaky rowaýatlardan parçalary sahnalaşdyrmaly. Olar diňe öz pudagynda zähmet çekýän işdeşleri bilen çykyş etmeli. (5-7 minut wagt berilýär).

3. Eminler topary tarapyndan Dokma pudagyna degişli bolan hünärler boýunça taýýarlanan zehin soraglaryna jogap bermeli (bije çekmek arkaly).

4. Bäsleşige gatnaşýan dokmaçy gyz-gelinler öz zähmet çekýän fabriklarynyň öndürýän önümlerini, sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça geçirýän çärelerini wideo sýujet arkaly görkezip çeper gürrüň bermeli (özleriniň sport, başga hem dürli görnüşli gurnaklara gatnaýan, kitaphanadaky pursatlaryny hem görkezip bilerler) (2,5-3 minut wagt berilýär).

III. Bäsleşige gerekli resminamalar:

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar baradaky resminamalary şu aşakdaky görnüşde 2 nusgada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2019-njy ýylyň maý aýynyň 1-ne çenli ibermeli :

- Bäsleşige gatnaşyjy baradaky maglumat 3x4 görnüşli alty sany fotosurat (özi we dogan-garyndaşlary baradaky maglumat).
- Bäsleşige gatnaşyjynyň 9x12 möçberde (2sany) suraty.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan ähli gyz-gelinleri höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we degişli edara-kärhanalary guramaçy bolup çykyş edýärler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi: 40-71-85;