Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Milli bahar baýramy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlary watançylyk, millilik ruhunda terbiýelemek baradaky asylly ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, milli däp-dessurlarymyza hormaty, ylym-bilime höwesi artdyrmak, ýaş zehinlileri ýüze çykarmak we olary döredijilik üstünliklerine itermek maksady bilen “Mirasym bar – sarpam bar” atly şygar astynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar bäsleşige hödürlejek döredijilik eserlerini “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 16-njy martyna çenli ugradyp bilerler. Hödürlenjek eserler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine degişli bolan www.yashlar.gov.tm elektron saýtynyň turkmen-youth@online.tm elektron salgysyna ugradylmaly. Ýaryşa hödürlenen eseriň awtory özi hakdaky doly ady we familiýasy, salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri barada anyk we takyk görkezilen maglumaty hem ugratmaly.
Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda watançylyk, millilik temalaryny gozgaýan döredijilik eserleri (makala, goşgy, hekaýa, tymsal) türkmen dilinde ýazylmaly we ozal hiç ýerde (metbugatda, sosial torlarda) çap edilmedik bolmaly. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda sosial torlarda (imo, instagram we beýlekiler) www.yashlar.gov.tm web-saýtynyň “Galereýa” bölüminde goýlan dürli bäsleşikleriniň ýeňijileriniň düşen suratlarynyň azyndan 3 sanysyny paýlaşmaly (paýlaşylandygy hakynda ssylka ýa-da skrinşot arkaly turkmen-youth@online.tm elektron poçtasynyň üsti bilen bize habar bermeli). Bäsleşik üçin ugradylan eserlerden saýlananlary www.yashlar.gov.tm web-saýtynyň «Ruhy miras» bölüminde şöhlelendiriler.
Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanyp, olaryň gelen netijesi gutarnyklydyr. Eminler topary bäsleşigiň iki şertiniň ýerine ýetirilişine we hödürlenen işleriň özüne çekijiligine we täzeçilligine aýratyn üns bererler.
Milli bahar baýramynyň toýlanýan günlerinde jemi jemlenjek bu bäsleşikde eminleriň gelen çözgüdi esasynda baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlar kesgitlenip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar. Şeýle hem bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolmadyk, ýöne aýratyn işjeň gatnaşan ýaşlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanarlar.
Biziň salgymyz: www.yashlar.gov.tm;
E-poçtamyz: turkmen-youth@online.tm
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-88-68