Her bir güni toýdur – baýramlara beslenýän eziz diýarymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem uly ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda aýdym-saza aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaş aýdymçylary ýüze çykarmak, olaryň aýdym-saza bolan höweslerini artdyrmak, olary döredijilik gözleglerine höweslendirmek ugrunda döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň medeniýete sungata bolan höwesini artdyrmak we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan diýarym – 2023” atly telebäsleşiginiň etrap tapgyry Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde etrabyň Medeniýet bölüminiň guramagynda etrap tapgyry guramaçylykly geçirildi. Oňa etrabyň ýaş zehinli aýdymçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde aýdymçylar nurana Watanymyzyň ösüşlerini, asuda asmanymyzyň we eşretli zamanamyzyň waspyny belentden ýetirdiler. Telebäsleşikde birnäçe ýaş aýdymçylar aýratyn tapawutlanyp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Tapawutlanan ýaşlara etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary
hem-de Hormat hatlary dabaraly gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda ýaş aýdymçylar ýurdumyzda ýaş aýdymçylara döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza öz sag bolsunlaryny beýan etdiler.
Arzygül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy
hünärmeni.