HALY TÜRKMENIŇ KÖŇÜL NAGŞYDYR

Türkmenler hala «Haly türkmeniň köňül nagşydyr» diýýär. Haly — biziň milli sungatymyzyň bereketli bulagy. Enelerimiziň dokan durky-düýrmegi bilen gözellige ýugrulan bu halylary synlanyňda, eneleriň kalbynyň gözelligini duýmak bolýar. Köküni irki döwürlerden alyp gaýdýan halyçylyk sungatynyň ussady mähriban käbelerimizden bize miras galan halyçylyk sungadyndan öwrenere zat köp.

Keşbi kalbymyza baky ornan «Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik» mähriban käbelerimiziň uz barmaklary bilen sünnälenen ol işler biziň ýüregimiziň ömürlik nagşydyr.

Halynyň hili çitimiň gürlügine, reňkleriň sazlaşygyna, gyrasynyň dogrulygyna we gölleriň salnyşyna bagly bolupdyr. Esasy ulanylýan bir ýüzli haly bolsa-da, ökde halyçylar iki ýüzli çitimli halylary hem dokapdyr. Haly göllerinde ösümlik we haýwanat dünýäsi, zähmet gurallary, tebigatyň gözelligi şekillendirilipdir. Asyrlarboýy türkmen halyçy gelin-gyzlar tire halylaryny — teke, ýomut, ärsary, çowdur, gökleň, salyr, saryk halylaryny dokapdyr. Türkmeniň gadymy ýaşaýşynda bolsa tire halylarynyň tapawudy uly orun tutupdyr. Sebäbi her tiräniň öz ýaşaýan ýerine, hojalyk durmuşyna, daş-töweregine baglylykda haly gölleri şekillendirilipdir. Tire halylary biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, türkmen halysyna mahsus gönüburçly simmetrik nagyşlar salynýar. Halydaky göller köplenç ýagdaýda gönüburçluk, romb, sekizburçluk emele getirýär. Eger-de halynyň göllerine seretseň, ol türkmeniň durmuşyndan üzňe däl. Onuň göllerinde türkmeniň hal-ýagdaýy, ykbaly, durmuşy şekillendirilýär.

Halynyň gyra nagyşlary ownujak göllerden emele gelip, olardaky goýy hem-de açyk reňkleriň sazlaşygy merkezi bölekdäki uly göller bilen utgaşdyrylýar. Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň merkezi böleginde «guşly göl», «garly göl», «salyr göl» salnan teke halylary dokalýar. Tagtabazar, Sarahs etraplarynyň merkezi böleginde «gurçuk göl», «pelli göl», «çakmak göl», «gyýma göl» nagyşlary salnan pendi halylary dokalýar. Türkmenbaşy, Daşoguz welaýatlarynda bolsa, «gowsa göli», «japarbaý göli», «pyşbaga» nagyşlary salnan ärsary, ýomut halylary dokalýar. Lebap welaýatynyň etraplarynyň merkezi böleginde «külli göl», «derweze göl», «küňreli göl», «bäş aý beşir», «haýran beşir», «ýylan beşir» nagyşlary salnan ärsary halylary dokalýar.

Suwuň boýunda ýaşaýan türkmenler hala salýan nagyşlaryny suw guşlarynyň, ýelkeniň, lawryň şekilinde döredipdirler. Maldarçylyk bilen meşgullanýan türkmenler mallaryň, sähra gülleriniň suratlaryny, oba hojalyk ýa-da ekerançylyk bilen meşgullanýan bolsa ösümlikleriň suratyny göllere geçiripdir. Häzirkizaman halyçylyk sungatynda tire halylarynyň dokalmagy, olara bolan islegiň içki we daşky bazarlarda köp bolandygy bilen däl-de, şol gölleriň reňkleriniň sazlaşygynyň has ýokary kämil derejede ösendigi üçin, olary şu derejä ýetirmek bilen asyrlaryň tejribesiniň gerekdigi üçin häsiýetlendirilýär. Türkmen halyçylary haly ýüpleriniň boýalyşynyň (reňkleriniň) syrlaryny nesilden-nesle geçiripdir. Şonuň üçin halynyň nagyşlarynyň takyklygy we ýiti reňki uzak wagtlap saklanýar. Halylaryň gözelliginiň we uzak ömürliliginiň sebäpleriniň biri-de, bu halylar üçin tebigy, ösümlik çöplerinden boýag alynmagydyr. Halyny dokamak üçin ene-mamalarymyz adaty ak, çal we gara goýunlaryň ýaz gyrkymyndaky ýüňlerini peýdalanypdyr. Käwägtlar bolsa ýüpek we pagta ýüplerinden hem dokapdyrlar. Haly ýüplerini tebigy, durnukly reňkler bilen boýap, arassa we takyk reňkli öwüşgin alypdyrlar. Gyzyl reňki çöpboýanyň kökünden alypdyrlar. Sary reňki saforanyň güllerinden, gök reňki bolsa yşgynyň we garabaşyň ýapraklaryndan alypdyrlar.

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

 

 

Öňki makala

RUHY PÄKLIGIŇ BAÝRAMY

Indiki makala

TÄSIRLI GEZELENÇ

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY