MAGTYMGULY PYRAGY — BELENT YLHAM ÇEŞMESI, BAGTYÝAR TÜRKMEN ÝAŞLARY — NESIHATYŇ TEŞNESI

     Golaýda şeýle ajaýyp şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň we Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çap edilmegi mynasybetli, dabaraly maslahat geçirdi. Oňa welaýatyň il sylagly ýaşululary, mährem eneleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäher we etrap häkimleriniň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän döwlet sylaglaryna mynasyp bolan öňdebaryjy işgärler, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynyň ýaş hünärmenleri hem-de Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleriniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary gatnaşdylar. Turuwbaşdan uly joşguna beslenen dabaraly maslahatda Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa, TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Magsat Otuzow, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Daşoguz şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Bossan Mürzäýewa, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Sabyr Sabyrow, Boldumsaz etrabynyň 69-njy orta mekdebiniň mugallymy, şahyr Mähri Saparmedowa, Görogly etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Döwran Atamedow hem-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Şasenem Kakyşowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky tutýan orny, Magtymguly atamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki wajyp ähmiýeti dogrusynda, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasyndan dörän goşgusy mynasybetli ýürek buýsançlaryny, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabaraly maslahatda welaýatyň medeniýet-sungat ussatlarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary, edebi-sazly kompozisiýasy oňa gatnaşanlary ýakymly duýgulara besledi.

     Dabaraly maslahatdan soňra Daşoguz welaýat kitaphanasynyň giň eýwanynda sergi guraldy. Sergide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylary, şahyryň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan işler öz beýanyny tapdy.

 

Orazgül AMANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar